Azerbaýjan türkmen gazynyň eksporty üçin Transhazar gaz geçirijisini goldap biler

Azerbaýjan türkmen gazynyň eksporty üçin Transhazar gaz geçirijisini goldap biler

Ýewropanyň tebigy gaza bolan islegine baglylykda Azerbaýjan Türkmenistanyň gazyny günbatara eksport etmek üçin Transhazar gaz geçirijisini goldap biler diýip, Azerbaýjanyň Energetika ministri Parwiz Şahbazow çarşenbe güni Bakuwda “Bloomberg” agentligi bilen geçiren söhbetdeşliginde belledi.

“Ony amala aşyrmak üçin alyjylar bilen satyjylaryň arasynda täze şertnamalar bolmaly” diýip, Şahbazow aýtdy.

Şeýle hem, ministr Gündogar we Günorta Ýewropadaky hökümetleriň we kompaniýalaryň Azerbaýjandan gaz satyn almak isleýändigini aýtdy.

“Bloomberg”-iň maglumatlaryna görä, tebigy gazyň bahasy şu ýyl iň ýokary deresine ýetdi we Ýewropa geçen on ýylyň iň pes gaz ätiýaçlyklary bilen gyşa girdi.

Azerbaýjanyň bar bolan we potensial alyjylar bilen aragatnaşyk saklaýandygyny belläp, Şahbazow geljekde täze satuw şertnamalarynyň baglaşylmagynyň ähtimallygynyň gaty ýokarydygyny belledi.

Geçen ýylyň dekabrynda Azerbaýjan BP-niň özleşdirýän Şah Deňiz ýatagyndan bahasy 33 milliard ABŞ dollaryna barabara bolan Günorta gaz geçelgesiniň (GGG) üsti bilen Ýewropa gaz eksport edip başlapdy.

Şahbazowyň sözlerine görä, täze gaz üpjünçiliginiň mümkinçiliklerine geljek ýylyň başynda 20-den gowrak ýurtdan kompaniýalary we hökümetleri birleşdirýän platforma bolan Günorta gaz geçelgesiniň geňeşiniň ýyllyk ýygnagynda serediler.

GGG bu Hazar we Ýakyn Gündogar sebitlerinden Ýewropa tebigy gaz ugratmak boýunça Ýewropa Komissiýasynyň başlangyjydyr. GGG-niň maksady Ýewropanyň energiýa üpjünçiliginiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Hazar sebitinde tebigy gaza baý ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan tassyklanan gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow ýanwarda Hazar deňzindäki Dostluk ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekipdiler.

Ýene degişli makalalar

“Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?
Owgan puly dünýäde iň durnukly pullaryň biri boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Ilon Mask bir günde 16 milliard dollaryny ýitirdi
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Teýlor Swift milliarderler boldy