Azerbaýjan ýük ulaglaryny Türkmenistana, Eýrana we Gruziýa eksport etmegi meýilleşdirýär

Azerbaýjan ýük ulaglaryny Türkmenistana, Eýrana we Gruziýa eksport etmegi meýilleşdirýär

Azerbaýjandaky Sumgaýyt senagat parkynyň Az-Teh-Import jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti ýük ulaglaryny Russiýa, Türkmenistana, Eýrana we Gruziýa eksport etmegi meýilleşdirýär diýip, Trend habar berdi.

Ýurduň Ykdysadyýet ministrligindäki Ykdysady zolagy ösdürmek boýunça agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, bu ýyl senagat zolagynyň çäginde IVECO nyşanly ýeňil, orta we agyr ýük ulaglarynyň önümçiligi başlanar.

Az-Teh-Import jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti tarapyndan dolandyrylýan IVECO zawodynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda, golaý aýlarda onda enjamlar oturdylyp başlanar. Kärhana 90 adamy hemişelik iş orny bilen üpjün eder. Onda her ýyl 100 awtoulag öndüriler diýlip, garaşylýar we olar içerki bazarda ýerlener, şeýle hem Russiýa, Gruziýa, Türkmenistana we Eýrana eksport ediler.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy amaly maslahat geçirilýär
Informatika boýunça IV Açyk halkara olimpiada geçirildi
Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
Taryhyň ugruny üýtgeden ýeňiş: Stambulyň zabt edilmegi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça IV halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi
Dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
ПО ПРИГЛАШЕНИЮ ПРЕДСЕДАТЕЛЯ СОВЕТА ФЕДЕРАЦИИ ВИЦЕ-ПРЕЗИДЕНТ БЛАГОТВОРИТЕЛЬНОГО ФОНДА ПО ОКАЗАНИЮ ПОМОЩИ НУЖДАЮЩИМСЯ В ОПЕКЕ ДЕТЯМ ИМЕНИ ГУРБАНГУЛЫ БЕРДЫМУХАМЕДОВА ПРИНИМАЕТ УЧАСТИЕ В ФОРУМЕ СОДРУЖЕСТВО МОДЫ