15-16-njy aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika boýunça IV Açyk halkara internet-olimpiada geçirildi.
Olimpiada 16 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Hytaýdan, Germaniýadan, Rumyniýadan, Malaýziýadan, Gruziýadan, Türkiýeden, Ermenistandan, Saud Arabystanyndan we Liwiýadan ýokary okuw mekdepleriň 57-sinden talyplaryň 793-si gatnaşdy.
Olimpiadanyň açylyş dabarasyna türkmen ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri hem-de talyplary, şeýle hem çärä sanly wideoaragatanşyk arkaly goşulan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we olaryň ýolbaşçy-mugallymlary gatnaşdylar.
Dabarada türkmen uniwersitetiniň rektory B.Atamanow çykyş edip, oňa gatnaşyjylaryň ählisini olimpiadanyň açylmagy bilen gutlady hem-de bäsleşige gatnaşmaga bildiren gyzyklanmalary üçin talyplara we olaryň ylmy ýolbaşçylaryna hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de talyplara ajaýyp üstünlikleri we ýeňişleri arzuw etdi. Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, talyplar olimpiadanyň ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge girişdiler, bäsleşik şahsy görnüşde geçirildi.
Oňa gatnaşyjylara algoritmik programma düzmek, maglumatlary seljermek, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlary öz içine alýan çylşyrymly ýumuşlaryň jemi 10-sy berildi. Ýumuşlary ýerine ýetirmäge 120 minut wagt berildi.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmen ýokary okuw mekdepleriniň: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary aýratyn tapawutlanyp, baýrakly orunlary eýelediler.
Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ders boýunça ajaýyp taýýarlyklaryny we ýokary netijeleri görkezdiler.K.I.Satpaýew adyndaky Milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetiniň (Gazagystan), Buhara Döwlet uniwersitetiniň (Özbegistan), Ýewrosiniýa Polosk adyndaky Polosk Döwlet uniwersitetiniň (Belarus) hem-de beýleki daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna baýrakly orunlar berildi.
Olimpiadanyň ýeňijileri türkmen uniwersiteti tarapyndan ýörite işlenilip taýýarlanylan milli programma üpjünçiliginiň kömegi bilen hasaplanylyp çykarylan toplanylan utuklaryň jemi boýunça kesgitlenildi. Şeýle hem gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň umumy utuklary boýunça şahsy hasabyň netijeleriniň esasynda toparlaýyn bäsleşigiň netijeleri jemlenildi. Ýeňijiler we baýrak eýeleri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.
Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, informatika boýunça halkara internet-olimpiadasy Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ynamly ösýändigini hem-de ýaşlaryň sanly ulgam boýunça we medeniýetiniň ýokary derejesini görkezdi.Olimpiada ýokary okuw mekdep tarapyndan dördünji ýyl yzly-yzyna üstünlikli geçirilýär we zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual taýdan has-da ösmegine hünärlerini saýlamaga oňaýly şertleri döretmek, häzirki zaman informatikasynda hem-de garyşyk ulgamlarda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri seljerip bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup durýar.
