Mewlüt Çawuşoglynyň Gresiýa sapary dowam edýär

Mewlüt Çawuşoglynyň Gresiýa sapary dowam edýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherine guran saparynyň çäginde Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirdi.

Gresiýa saparyna düýn Günbatar Frakiýadaky türkler bilen duşuşyk geçirip başlan Mewlüt Çawuşogly, şu gün bolsa Afiny şäherinde grek kärdeşi bilen duşuşyk geçirýär.

Duşuşygyň güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary Türkiýe-Gresiýa gatnaşyklary, Gündogar Ortaýer deňizindäki we Egeý deňizindäki hadysalar bolmagyna garaşylýar.

Mundan başgada gepleşikleriň barşynda bosgunlar bilen baglanşykly Gresiýanyň çemeleşmesiniň ele alynmagyna garaşylýar.

Mewlüt Çawuşogly Gresiýa sapara çykmadan ozal: "Afina položitel güntertip bilen barýarys. Položitel ýagdaýda myhman etdik, garşy tarapdan hem şolar ýaly çemeleşmä garaşýarys" diýip belläpdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi