Mewlüt Çawuşogly: "Afina položitel güntertip bilen barýarys" diýdi

Mewlüt Çawuşogly: "Afina položitel güntertip bilen barýarys" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gresiýa sapar guramadan ozal beýanat berdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherine položitel güntertip bilen barýandyklaryny belläp: "Položitel ýagdaýda myhman etdik. Garşy tarapdan hem şolar ýaly çemeleşmä garaşýarys" diýdi.

Mewlüt Çawuşogly, Günbatar Frakiýada Musulman türk azlyklarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirer.

Günbatar Frakiýa gurajak saparyndan soň ministr Mewlüt Çawuşogly, Afiny şäherine geçip, ol ýerde Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasyň berjek naharyna gatnaşar.

Mewlüt Çawuşogly grek kärdeşi Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirer. Iki ministr Türkiýe-Gresiýa gatnaşyklaryny giňişleýin ýagdaýda ara alyp maslahatlaşarlar.

Güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary Gündogar Ortaýer deňizindäki we Egeý deňizindäki hadysalar bolar. Mundan başgada duşuşykda Gresiýanyň bosgunlara bolan çemeleşmesi ele alynar.

Gresiýanyň ýurtdaky türk azlyklaryna garşy pozisiýasy hem maslahatda orta atylar.

Türkiýäniň we Gresiýanyň Milli Goranmak ministrlikleriniň wekiliýetleriniň arasynda 4-nji Ynam artdyryjy çäreler maslahaty bolsa 26-27-nji maý aralygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilipdi.

Maslahatda Ynam artdyryjy çäreler bilen bagly maslahatlaryň dowam etmegi babatynda ylalaşyk gazanylypdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly grek kärdeşi Nikos Dendias bilen 15-nji aprelde Ankarada duşuşyk geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi