“Azerbaýjanly Doganlarymyz Bilen Ulag İnfrastrukturamyzy Ösdüreris”

“Azerbaýjanly Doganlarymyz Bilen Ulag İnfrastrukturamyzy Ösdüreris”

Prezident R. T. Erdogan düýn Siwasda halka ýüzlenip eden çykyşynda “Azerbaýjanly doganlarymyz bilen ulag infrastrukturamyzy ösdüreris” diýdi.

Prezident Erdogan, “ähli welaýatlarymyzda tizli ýokarlandyrlan otly gatnawyny başladarys. Ýerköý bekedinden Kaýseri bilen arabaglanşykly liniýa açarys. Şol liniýa Erzinjana, Erzuruma we Karsa çenli uzap gider. Şol liniýany Baku-Tiblisi liniýasy bilen birleşdirmegi umyd edýäris” diýdi.

“Demir Ýüpek ýoly” hökmünde bilinýan şol liniýa bilen sebitimizi, dünýäde strategiýa taýdan uly oýnajak merkeze öwüreris” diýen Erdogan, “Ýagny Londondan ýola çykan biri, ýurdumyzyň üsti bilen Pekine çenli gidip biler.

Elbetde şol taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin azerbaýjanly doganlarymyz bilen birlikde işleşeris. 30 ýyllyk basyp alyşlykdan soň Garabagy birlikde azat eden bolsak, guran turba geçirijilerimiz bilen Türkiýäni gündogar bilen günbataryň arasynda energetika merkezine öwüren bolsak, ykdysadyýetden goranyş senagatyna, söwdadan medeniýete çenli özara gatnaşykalrymyzy güýçlendiren bolsak azerbaýjanly doganlarymyz bilen ulag infrastrukturamyzy ösdüreris”diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Kyzylyrmak Derýasy
Kütahýa Keramiki Plitkasy
Galatasaraý, Demir Grup Siwasspordan Ýeňildi
Türk mediasyna syn. Ýenede ýasama spirtli içgi, ýenede ölüm…
Türkmenistanly zenan Türkiýäniň telewideniýe bäsleşigine gatnaşyp, türkmen tagamlaryny taýýarlady
Spor Toto Super Ligasynyň 20-nji hepdesi tamamlandy