Türk mediasyna syn. Ýenede ýasama spirtli içgi, ýenede ölüm…

Türk mediasyna syn. Ýenede ýasama spirtli içgi, ýenede ölüm…

Stambulyň Esenýurt etrabynda bir günde 6 adam ýasama spirtli içgiden zäherlenip öldi. Olaryň birisi Türkmenistanyň raýaty, 30 ýaşly Jobborkul Rahmonow diýip türk mediasy ýazýar.

Onuň ýasama arak satyn alan nokatlaryna polisiýanyň geçiren barlaglarynda 3 kişi tutuldy, içinde spirtli içgi bolan 9 çüýşe, ýasama arakly 30 sany plastiki çüýşe, 1 litrlik ýasama arakly 9 çüýşe ele salyndy.

Maglumatlara görä, Rahmonow Esenýurt etrabyndaky bir binanyň girişinden we nahar iýilýän bir ýerden ýasama arak satyn alýar.Olary içip zäherlenen Rahmonow Esenýurt döwlet hassahanasyna ýerleşdirlýär we lukmanlaryň elde baryny edendiklerine garamazdan, aradan çykýar. Ýasama arakdan ölüm bilen bagly polisiýa işgärleri barlag işlerine başlap, Rahmonowyň gelini Nawruza Bultakowany sorag edip, alan maglumatlary bilen barlaglar geçirdi.

Rahmonowyň ýasama arak alan nokatlarynda barlag geçirildi.Nahar iýilýän ýerdäki barlagda 9 sany arakly çüýşe ele salyndy.Ol ýeriň eýesi, çet ýurtly Barna Mansurowa we ol ýerde işleýän Ogulbeg Jorabaýewa tutuldy, iş ýeri möhürlendi.

Polisiýa Rahmonowyň ýasama arak satyn alan başga bir nokadynda barlag geçirende, içinde ýasama arak bolan 30 sany plastik çüýşe, 1 litlik 7 sany çüýşe ele saldy. Ol ýerde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Maral Ereşowa tutuldy diýip türk mediasy ýazýar.

Ýeri gelende bellesek, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” öňki beren habaryna görä, Stambul uniwersitetiniň dil edebiýat bölüminiň 32 ýaşly studenti, Kemal Ahmedenow hem doglan güninde ýasama arak içenden bir gün soňra öýünde öli tapylypdy.

Ýenede türk mediasy soňky 4 günüň dowamynda Türkiýäniň Kahramanmaraş, Siwas, Stambul, Antalýa, Erzinçan, Mersin, Gaziantep we Ýalowa sebitlerinde ýasama arakdan zäherlenip, ölenleriň sanynyň 23 adama ýetendigini habar berýär.

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda bazara ýasama arak salmaga synanyşýanlara garşy polisiýa 81 welaýatda “Zäher” operasiýasyny geçirdi.

Şol barlaglarda 84 müň 467 litr ýasama spirtli içgi, 14 müň 440 sany etiket, 3 müň 443 sany içi ýasama arakly çüýşe, 1 müň 168 çüýşe arak ysly madda ele salyndy.

Bu barlaglar netijesinde 85 kişi tutuldy we ýasama spirtli içgi öndürilýän 13 sany bikanun nokadyň üsti açyldy diýip türk mediasy ýazýar.The post Türk mediasyna syn. Ýenede ýasama spirtli içgi, ýenede ölüm… first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar
Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy