Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabat Halkara howa menzilinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, türkmen topragynda ýene-de saparda bolýandygyna örän şatdygyny belledi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtap, onuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň döwletleri, ilkinji nobatda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Söhbetdeşler ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy
13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar