Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar

Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar

Düýn 21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministrini türkmen topragynda mähirli mübärekläp, netijeli döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir.Ylym, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlyk, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki halky ýakynlaşdyrmagyň, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Şeýlelikde, özara bähbitlilige we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi taraplaryň hoşniýetliliginiň aýdyň görkezijisi bolup, däbe öwrülen gatnaşyklary hil taýdan täze, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmak babatdaky maksatlaryny açyp görkezýär.

Duşuşygyň ahyrynda netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de umumy bähbitleriň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Abu-Dabide 41-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty açyldy
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
BAE-niň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyryldy
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal