Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Düýn 21-nji fewralda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Ýurdumyza sapar bilen gelen belent mertebeli myhman türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli garşylanyldy.

Söhbetdeşler ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy
13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar