Azerbaýjanyň goşuny Garabagda ýerli operasiýa başlatdy

Azerbaýjanyň goşuny Garabagda ýerli operasiýa başlatdy

Garabag sebitinden çykmaýan ermeni ýaragly toparlaryň meçew bermeleri dowam edýär.

Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleri sebiti harby enjam bilen üpjün etmek maksady bilen goşmaça ýollaryň geçirilmäge synanyşylýandygyny anyklady we sebitde operasiýa başlatdy.

Başladylan operasiýanyň netijesinde Fuzuli etrabynyň Ýokary Weýselli obasy tarapynda oba hojalyk işleri bahanasy bilen başladylan çukur gazmak işleri duruzyldy.

Laçyn koridorynyň demirgazygynda ýerleşýän territoriýada harby enjam ugratmak üçin ýollary giňeltmek işleriniň öňi alyndy.

Azerbaýjanyň goşuny sebitde ýagdaýyň dartgynalşamgynyň öňüni almak üçin şol ädimleri etdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Ermenistan tarapyndan edilen şol ädimler, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagynyň islemeýändigini ýene-de bir gezek görkezdi" diýip habar berildi.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Laçyn ýolunyň ugrunda bir serhet geçelgesiniň we gözegçilik nokadynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda ady agzalan başlangyçlaryň 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda gol çekişilen Üçtaraplaýyn memorandumyň agyr düzgün bozmasydygy, Russiýanyň wagtlaýyn harby güýçleriniň wezipelerini ýerine ýetirmeýändigi aýan edildi.

Beýleki tarapdan bolsa Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Telefon söhbetdeşliginde sebitde başdan geçirilen soňky hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.06.2023
Çawuşogly: "Şwesiýanyň ädimleri ýeterlik derejede däl" diýdi
Garabagyň hekaýaty
BMG-nyň Resmi Wekiliýeti Garabagda…
BMG-niň Wekiliýeti Garabaga Saparda Boldy