Çawuşogly: "Şwesiýanyň ädimleri ýeterlik derejede däl" diýdi

Çawuşogly: "Şwesiýanyň ädimleri ýeterlik derejede däl" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen Halkara Donorlar maslahatyndan soň metbugat ýygnagyna gatnaşdy.

Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyry bilen bagly soraga jogap beren Mewlüt Çawuşogly, Türkiyäniň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň arasynda geçen ýylyň iýun aýynda Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde Üçtaraplaýyn memoranduma gol çekişendiklerini ýatlatdy.

Ylalaşygyň durmuşa geçirilip-geçirilmändigini gözden geçirendiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, Şwesiýanyň täze hökümet bilen birlikde terrora garşy göreş kanunynyň üýtgedilmegi ýaly käbir oňyn ädim edendigini we ony kanagatlanma bilen kabul edendiklerini beýan etdi.

Mewlüt Çawuşogly: "Şwesiýa konstitutsiýasna goşmaçalar we üýtgeşmeler girizdi.Bularyň maksady näme?Terrora garşy göreşde anyk ädimler edip bilmek.Nämä garşy? Şwesiýada PKK-nyň, PKK-nyň tarapdarlarynyň PKK üçin pul ýygnamak işlerine, şol bir wagtda adam ýygnamak işlerine we terror propogandasynyň bes edilmegine garşy.

Skandinawiýa ýurtlaryndaky häzirki kanunlar gynansagam terrora garşy göreşde ýeterlik derejede däl.Ol ýerde DAIŞ etse her kim öňüni alar, emma PKK eden mahaly hiç kim öňüni alanok.Açyk ýagdaýda gürrüň edeliň" diýip belledi.

Netijede PKK-nyň we terror guramalarynyň şolar ýaly görnüşli işleriniň ozalkysy ýaly dowam edýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Biziň Şwesiýadan tamamyz, oňyn ädim etdiler, emma ol ýeterlik derejede däl.Terroryň maliýeleşdirilmegi, adam ýygnamak we propoganda işleriniň bes edilmegi we gerek bolan çäreleriň görülmegi, mundan başgada biziň yzyna gaýtarylyp berilmegini talap eden adamlar bar, şol meselede anyk ädimleriň edilmegi" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny