
Ýokary derejeli Azerbaýjanly ýolbaşçylar, Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda heläkçilige uçran Azerbaýjanyn howa ýollaryna degişli uçaryň ruslara degişli raketa ulgamy tarapyndan urlup düşürlendigi baradaky habarlary tassyklady.
Russiýa bolsa öňe sürülýän garaýyşlary ret etdi.
Azerbaýjanly ýolbaşçylar, Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hökümete ýakyn çeşmelere esaslanyp, waka hakynda gozgalan işiň ilkinji netijelerinde uçaryň Grozniý şäheriniň golaýynda Pantsir raketasynyň hüjümine sezewar bolandygyny mälim etmeginden soň beýannama berdi.
Ozal berlen habarlarda, uçaryň aragatnaşyk ulgamynyň rus elektonika ulgamlarynyň ulanylmagy sebäpli dolulygyna hatardan çykandygy we bu ýagdaýyň hem uçaryň rus howa giňişliginde mahaly radardan ýitmegine sebäp bolandygy aýan edilipdi.