Russiýa Azerbaýjana degişli uçaryň ýere gaçmagy bilen bagly beýanat berdi

Russiýa Azerbaýjana degişli uçaryň ýere gaçmagy bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Gazagystanda ýere gaçan Azerbaýjanyň howa ýollary kärhanasy AZAL-a degişli ýolagçy uçary bilen bagly başladylan derňew işi tamamlanýança çenli, bu mesele barada beýanat bermegiň mümkin däldigini habar berdi.

Dmitriý Peskow metbugat işgärleriniň biriniň ýere gaçan uçar babatynda Azerbaýjanyň deputaty Rasim Musabekowyň Russiýanyň ötünç soramalydygy baradaky beýanaty bilen bagly soragyna jogap berdi.

Ady agzalan talapdan habarynyň bardygyny aýdan Peskow, ozal berilen beýanata goşmak isleýän zadynyň bolmandygyny belledi.

Peskow: "Bu awiasiýa hadysasy boýunça derňew işi dowam edýär we derňewiň netijeleri alynýança çenli hiç hili beýanat bermäge hakymyz ýok. Muny edip biljek awiasiýa edaralarymyz bar. Maglumat diňe olardan gelip biler" diýdi.

Azerbaýjanyň hökümet çeşmelerine esaslanýan habarlarda Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda heläkçilige uçran AZAL ýolagçy uçarynyň Russiýanyň "Pantsir-S" howa goranyş ulgamynyň hüjümine sezewar galandygy kesgitlenipdi.

Azerbaýajana degişli uçaryň Gazagystanda ýere gaçmagy bilen bagly waka:

Baku-Groznyý uçar saparyny amala aşyran AZAL-a degişli Embraer 190 kysymly uçar, 25-nji dekabrda ýere gaçypdy.

AZAL uçaryň düzüminde 5 adamdan ybarat ekipažyň we 62 ýolagçynyň, jemi 67 adamyň bolandygyny habar beripdi.

Wakada 38 adamyň ýogalandygy, 29 adamyň hem halas bolandygy mälim edilipdi.

Azerbaýjanly resmiler, uçaryň rus "Pantsir-S" howa goranyş ulgamynyň hüjümine sezewar galandygy baradaky öňe sürmeleri tassyklapdy.

Ýene degişli makalalar

Kremlde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň nyşany bilen tanyşdyrylar
Kremlde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň nyşany bilen tanyşdyrylar
Putiniň raýatlar bilen göni duşuşugy 19-njy dekabrda bolar
Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Putin Tramp Bilen Duşuşmaga Taýar
Tramp-Putin duşuşygy üçin taýýarlyklaryň görülýändigi mälim edildi