Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurda girmeginiň şertleri barada habar berdi

Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurda girmeginiň şertleri barada habar berdi

Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasy sosial ulgamlar arkaly Türkmenistanyň raýatlaryna Azerbaýjana girmegiň häzirki şertleri barada resmi ýagdaýda habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda wiza almak üçin ýüz tutup bilerler, şeýle hem ASAN Visa web sahypasy arkaly wizany onlaýn ýagdaýda alyp bilerler.

Ilçihana häzirki wagtda Azerbaýjanyň gury ýer serhetleriniň ýapykdygyny we şonuň üçin Azerbaýjana baryp görmegiň diňe howa arkaly mümkindigini göz öňünde tutmagy haýyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda göni howa gatnawynyň ýokdugy sebäpli, türkmen raýatlary diňe üçünji ýurt arkaly Azerbaýjana girip bilerler.

Azerbaýjana deňiz arkaly syýahat Azerbaýjanyň gury ýer serhetleri açylýança togtadylýar diýlip, habarda aýdylýar.

Has giňişleýin maglumat üçin: +99312482044

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat şäheriniň Gypjak köçesiniň 41-nji jaýynda ýerleşýär. Konsullyk bölüminiň kabul ediş günleri: Duşenbe-anna günleri sagat 9:00-dan 13:00-a çenli.

Azerbaýjanyň ilçihanasynyň web sahypasy: ashgabat.mfa.gov.az

Ilçihana bilen ashgabat@mission.mfa.gov.az elektron salgysy arkalyhabarlaşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Ilham Aliýew Ermenistana duýduryş berdi
Azerbaýjan, Garabagyň Gaýtadan Dikeldilmegi Üçin 12,9 Milliard Dollar Sarp Etdi
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama
Siriýalylar Ýurtlaryna Dolanmaga Dowam Edýär
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar