Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistany hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistany hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly sphbetdeşlik geçirdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Ilham Aliýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, doganlyk ýurda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Ol Azerbaýjanda 12-nji dekabrda umumymilli Lider Geýdar Aliýewiň Hatyrasynyň geçirilýändigi sebäpli, şol gün Aşgabatda geçiriljek dabaralara hut özüniň gatnaşyp bilmejekdigini we Azerbaýjan döwletinden Aşgabatda geçiriljek çärelere Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bolan saparynda türkmen tarapynyň bildiren myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň maslahat duşuşygyna gatnaşmagyny goldanlygy üçin hem minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny we gutlaglaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew 2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy
Aliýew ÝB-ni Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk etabyny bökdemekde günäkärledi
Gurbanguly Berdimuhamedow Windzor galasynda geçirilen atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
'Prezident gyzlarynyň diplomatiýasy'. Gurbanguly Berdimuhamedow gyzy bilen Azerbaýjana sapar etdi