Gurbanguly Berdimuhamedow Windzor galasynda geçirilen atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Windzor galasynda geçirilen atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni Londona amala aşyran saparynyň çäklerinde Windzor galasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergini synlady.

Habarda bellenilişi ýaly, sergide dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke atlarynyň gözelligini, olaryň reňkleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, toý-tomaşalaryň bezegi bolan bedewleriň syn-sypatyny açyp görkezýän gymmatlyklar ýerleşdirilipdir. Bu ýerde “asman atlarynyň” gözelligini beýan edýän sungat eserleri sergä gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Windzor galasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirdi we dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň ýörite sowgatlaryny gowşurdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy minnetdarlygyny bildirip, Prezident Ilham Aliýewe hoşniýetli sözlerini beýan etdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Londona amala aşyran saparynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III hem-de Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşyklary geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Gurbanguly Berdimuhamedow Londonda Patyşa Karl III bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasynyň agzalaryny Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Karl III doglan gününi belledi
Prezident Erdogan Edinburgyň gersogy Edwardy kabul etdi
Prezident Erdogan ilçileriň ynanç hatlaryny kabul etdi