Karl III doglan gününi belledi

Beýik Britaniýanyň Koroly Karl III ilkinji gezek doglan güni mynasybetli at üstünde dabaraly ýöriş geçirdi. Ol 30 ýyldan gowrak wagtdan soň bu dabara atly gatnaşan ilkinji monarh boldy. Soňky gezek Şa zenan Ýelizaweta II 1986-njy ýylda şeýle ýörişe atly gatnaşypdy.

Harby ýörişe 1500-den gowrak harby gullukçy gatnaşdy. Ýörişiň ahyrynda britan goşunynyň we Korollygyň harby howa güýçleriniň 70 uçary Londonyň üstünden uçup geçdi. Şol bir wagtyň özünde 18 sany uçar asmanda şa monogrammasy görnüşinde hatara düzüldi.

Myhmanlaryň arasynda Patyşa maşgalasynyň agzalaryndan başga-da, britan Premýer-ministri Rişi Sunak, şazada Edwardyň aýaly, Edinburg gersogy Sofi we ýokary derejeli harby işgärler bar.

Britan monarhlary, adatça, doglan gününi iki gezek belleýärler. Resmi doglan günler tomusda iýun aýynyň birinji, ikinji ýa-da üçünji şenbesinde bellenilýär. Iňlis hökümdarlarynyň doglan güni mynasybetli harby ýörişler 260 ýyldan gowrak wagt bäri her ýyl geçirilýär. Hakykatda, Karl III 14-nji noýabrda doglan gününi belledi diýip, “The Independent” ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Edinburgyň gersogy Edwardy kabul etdi
Prezident Erdogan ilçileriň ynanç hatlaryny kabul etdi
Karl III täç geýdirildi
Karl III telewideniýe arkaly halka ýüzlendi
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar