Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleri Karsa Geldiler

Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleri Karsa Geldiler

Milli goranmak ministri Hulusi Akar, “Gyş Türgenleşigi 2023-iň” saýlama synçy günündäki işleri bilen tanyşmak üçin Kars welaýatyna gelen Azerbaýjanyň Goranmak ministri general Zakir Hasanow we Gruziýanyň Goranmak ministri Žuanşer Burjuladze bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Türk ýaragly güýçleriniň serkerdeleriniň gatnaşmagyndaky duşuşykda harby tälim we hyzmatdaşlyk ugurlary bilen sebitleýin wakalar hakynda pikir alyşyldy.

Üç ýurduň goranmak ministrleri Türkiýe-Gruziýa-Azerbaýjan Goranmak ministrleriniň maslahatynyň çäginde 21-nji dekabrynda Milli goranmak ministri Akaryň çakylygy boýunça Kaýseri welaýatynda duşuşypdy.

Ýene degişli makalalar

GYŞ BARADAKY SÖZLER
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Tokio taryh bilen häzirki zamanyň birleşýän şäheri
Dubaýdaky Burj-Halifa binasy Täze ýyl mynasybetli Türkkmenistanyň baýdagynyň reňkine boýaldy
Dubaýdaky Burj-Halifa binasy Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň baýdagynyň reňkine boýaldy
Mahabat üçin beýik binalary saýlady