Medeniýet we Jemgyýet

Tokio taryh bilen häzirki zamanyň birleşýän şäheri

Taryh bilen häzirki zaman durmuşyny birleşdirýän baý medeni gurluşy we gündelik durmuşy Ýaponiýanyň paýtagty Tokiony Uzak Gündogarda iň ajaýyp dynç alyş ýerleriniň birine öwürýär.

Sumida derýasynyň Tokio aýlagyna gabat gelýän ýerinde ýerleşýän bu şäher, 1868-nji ýylda imperator Meijiniň kömegi bilen diňe bir adyny üýtgetmän, eýsem, tutuş Ýaponiýa täsir edýän modernizasiýa hereketiniň merkezinde boldy.

Bu dinamikanyň netijesinde Tokio syýahatçylyk ugry babatda dünýäniň iň baý we özüne çekiji şäherleriniň arasynda mynasyp orny eýeledi.

Meiji ybadathanasy

Häzirki wagtda Ýoýogi seýilgähi diýlip atlandyrylýan 70 gektar tokaýlyk ýerde ýerleşýän Meiji ybadathanasy 1920-1926-njy ýyllar aralygynda guruldy. Bu ybadathana Ýaponiýanyň döwrebaplaşdyrylmagynda möhüm rol oýnan imperator Meijä we onuň aýalyna bagyşlanypdyr.

Parahat gurşawy we ajaýyplygy bilen Tokioda baryp görmek üçin zerur ýerleriň birine öwrülen ybadathana Nairen we Gaýen atly iki bölekden ybarat. Nairen böleginde patyşa hazynasy saklanýar. Gaýen böleginde bolsa imperatorlaryň durmuşyny suratlandyrýan diwar kagyzlary görkezilýän surat galereýasy bilen köp maksatly sport toplumy ýerleşýär.

Sensoji ybadathanasy

Tokionyň taryhy şäherçesiniň merkezinde ýerleşýän Sensoji ybadathanasy syýahat edilýän iň gadymy binalaryň biridir.

Umumy pikire görä, ybadathananyň we şäheriň nyşany hökmünde kabul edilen Kaminarimon derwezesinden girip boljak ybadathananyň gurluşygyna, iki balykçy doganyň 628-nji ýylda Sumida derýasyndan Budda Kanonyň heýkelini tapanyndan soňra başlanypdyr. Gurluşygy 645-nji ýylda tamamlanan ybadathananyň esasy zalyna Hozomon derwezesinden girilýär.

Reňkli binagärligi we taryhy ähmiýeti sebäpli Demirgazyk Tokionyň iň möhüm merkezi hökmünde görkezilen ybadathanada ýylyň dowamynda dürli çäreler geçirilýär.

Tokio Skytree diňi

Tokio Skytree ýaýlym we synlaýyş diňi bolup, 2010-njy ýylda Ýaponiýanyň iň beýik gurluşyna öwrülip, 2011-nji ýylyň mart aýynda 634 metre ýetdi we dünýädäki iň beýik bina bolan Burj Halifadan soň ikinji beýik gurluşa öwrüldi.

Ýaýlym diňiniň iki dürli nokadynda gözegçilik eýwanlary bar. Bu eýwanlardan ilkinjisi 350 metr beýiklikde ýerleşip, Tembo Deck diýlip atlandyrylýar. Bu ýerde myhmanlara şäheriň görnüşine tomaşa etmäge, 3 gatly meýdançada naharlanmaga we söwda etmäge mümkinçilik döredilipdir.

Aýnadan we polatdan ýasalan 450 metr beýiklikdäki Tempo Gallery atly ikinji synlama eýwany myhmanlara ajaýyp şäher görnüşini hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem, spiral dizaýny bilen hem tapawutlanýar.

Ýene degişli makalalar

Pandemiýa sebäpli Tokio Olimpiýa oýunlaryny yza süýşürmeklik üçin 1,9 milliard dollar sarp edildi
Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi kitaby Ýaponiýada tanyşdyryldy
01.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Ýapon filmi Türkmen teleýaýlymynda görkeziler
TOKIO OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ GURAMAMAÇYLYK KOMITETI SYNAG BÄSLEŞIKLERINIŇ TÄZE MEÝILNAMASYNY HÖDÜRLEDI
Alymlar Merkezi Aziýada howanyň ýagdaýynyň agyrlaşýandygyny aýtdylar