Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi

Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi

Prezident R. T. Erdogan Abu Dabide saparda bolýar.

Prezident Erdoganyň sapary mynasibetli şäheriň esasy binalary Türkiýäniň baýdagynyň reňki bilen ýagtyldyldy.

Abu Dabi Emirliginiň köşgü bilen Prezident Erdoganyň bolýan Emirates Palas myhmanhanasy hem Türkiýäniň baýdagynyň reňki bolan ak-gyzyla bürendi.

Öňňin hem dünýäniň iň belent binasy bolan Dubaidäki Burj Halif Türkiýäniň baýdagynyň reňki bilen ýagtyldylypdy we Döwlet senasy ýaňlanypdy.

Dünýäniň iň belent binasyna türk dilinde “Hoş geldiňiz” diýlip ýazylypdy.

Ýene degişli makalalar

BAE-niň premýer-ministriniň orunbasary Türkmenistana sapar bilen geldi
Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arap Ýurtlary Bilen Gatnaşyklary
Nahaýan Türkiýe Bilen Gatnaşyklaryň Geljegine Ynam Bildirdi
Türkmenhowaýollary agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar
Aliýew Ýurdunuň Ýokary Mukdarda Gaýtadan İşlenýän Energiýa Potensialyna Eýedigini Beýan Etdi
2023-nji ýylyň sport kalendary