Türkmenhowaýollary agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar

Türkmenhowaýollary agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar

Türkmenhowaýollary agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň birnäçesiniň uçuşlary üçin petek satyn almak boýunça hyzmatyny hödürleýär diýip, agentlik Turkmenportala habar berdi.

Hususan-da, agentligiň satuw ofislerinden Russiýanyň Sibir (S7 Airlines), Türkiýäniň Turkish airlines, şeýle hem BAE-niň Fly Dubai hem-de Emirates awiakompaniýalarynyň göni we utgaşdyryjy uçuşlaryna petek satyn alyp bilersiňiz.

Awiapetekleriň satuw ofisleri Türkmenhowaýollary agentliginiň esasy administratiw binasynyň 2-nji gatynda, şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheri, Oguz han köç., 211-nji jaý.

Habarlaşmak üçin üçin telefon belgisi: (+993 12) 39-17-72.

Ýene degişli makalalar

China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär
2023-nji ýylda 120 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä syýahat etdi
Türkmenistan awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär
Iň gowy awiakompaniýalar mälim edildi
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hazaryň türkmen kenarynda şu ýylyň ilkinji düwlenleri peýda boldy