Aziýa gyşa gaz goruny edinýär

Aziýa gyşa gaz goruny edinýär

Geçen ýylyň energiýa kynçylyklaryndan soňra Aziýa ýurtlary gaz gorlaryny edinýär, bütin yklymda suwuklandyrylan gazy ýerleşdirmek üçin täze terminallar we gaz saklawhanalary gurulýar diýip, Expert.ru habar berýär.

Gaz bazarlaryndaky bu günki ýagdaý mawy ýangyç gorlaryny edinmäge mümkinçilik berýär. Sebäbi gazyň bahasy häzir MBÝB (1 million britan ýylylyk birligi) üçin 10 dollara deňdir.

Suwuklandyrylan gazy iri import edijiler bolan Ýaponiýa we Hindistan strategiki gaz ätiýaçlyk gorlaryny döretmekçi. Mysal üçin, Hindistan munuň üçin ýerasty gaz saklawhanalaryny we taşlanan nebit skwažinalaryny ulanmagy meýilleşdirýär. Ýurduň nebit senagaty ministri Pankaj Jaýn munuň üçin eýýäm potratçylaryň saýlanandygyny habar berdi.

Geçen ýylyň martynda Pekin 2025-nji ýyla çenli gaz saklawhanalarynyň sygymyny iki esse, 55-60 kubmetre çenli artdyrmakçydygyny habar berdi, bu Hytaýyň sarp edýän gazynyň 13 göterimi diýmekdir. Iýulyň başynda HHR-iň iri CNOOC energetika kompaniýasy Guandunda 10 milliard kubmetr gaz sygymy bolan saklawhanany gurdy diýip, Global Times habar berdi.

Suwuklandyrylan gazy köp satyn alyjylar bolan Günorta Koreýa we Taýwan hem gaz kabul etmek we saklamak üçin täze terminallary gurýar diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda bir gije-gündizde 2 million kub metr goşmaça gaz çykarmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Lebapda 44 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi
Lebapda ýylyň birinji ýarymynda suwuklandyrylan gazyň 44 müň tonnasyy öndürildi
Bagajada şu ýyl 8315 tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi