Aziýa Kubogy-23-iň saýlama tapgyrynyň bijeleri 24-nji fewralda çekiler

Aziýa Kubogy-23-iň saýlama tapgyrynyň bijeleri 24-nji fewralda çekiler

Futbol boýunça Hytaýda geçiriljek Aziýa Kubogy-2023-iň bije çekişlik dabarasy 24-nji fewralda geçirilip, onuň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy öz garşydaşlaryny biler. Bije çekişlik dabarasynyň onlaýn arkaly Kuala-Lumpur şäherinde geçirilmegine garaşylýar. Bu barada TFF-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 10-njy fewralda täzelenjek FIFA-nyň reýtinginde eýelejek ornuna laýyklykda, Aziýa kubogynyň 3-nji saýlama tapgyrynyň bije çekişliginde, ikinji sebede düşmegine garaşylýar.

Bije çekişlikde ýygyndylaryň ýerleşjek sebetleriniň deslapky görnüşi:

1-nji sebet: Özbegistan, Bahreýn, Iordaniýa, Gyrgyz Respublikasy, Palestina, Hindistan;

2-nji sebet: Taýland, Täjigistan, Filippinler, Türkmenistan, Kuweýt, Gonkong;

3-nji sebet: Owganystan, Ýemen, Mýanma, Malaýziýa, Maldiwler, Indoneziýa;

4-nji sebet: Singapur, Nepal, Kamboja, Mongoliýa, Bangladeş, Şri-Lanka.

Bije çekişligiň netijesinde toparçalaryň 6-sy emele geler. Duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde geçiriljek toparçalaýyn bäsleşigiň netijesinde her toparçanyň ýeňijisi bilen ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň 5-si Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik alar. Toparçalaýyn bäsleşikleriň geçiriljek ýerleri we möhleti soň belli ediler.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda milli ýygyndylaryň 13-si Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik aldylar Siriýa, Awstraliýa, Eýran, Saud Arabystany, Ýaponiýa, BAE, Koreýa Respublikasy, Oman, Yrak, Wýetnam, Liwan, Katar Hytaý (ýer eýesi).

Yklym ýaryşynyň final böleginiň 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny bilen 16-njy iýuly aralygynda Hytaýyň 10 şäherinde (Pekin, Týanszine, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn Suçjou) geçirilmegine garaşylýar.

Şeýle-de okaň!

Ýene degişli makalalar

Aziýa Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekiliş dabarasyna nirede tomaşa edip bolar?
Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler
Aziýanyň Kubogy 2023-iň saýlama oýunlary 6 ýurtda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 12-nji ýanwarda Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-däki garşydaşlaryny bildi