Aziýa Parlamentlar Assambleýasynyň Maslahaty Antalýada Geçirilýär

Aziýa Parlamentlar Assambleýasynyň Maslahaty Antalýada Geçirilýär

Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň (APA)13-nji maslahaty Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň we APA-nyň başlygy Mustafa Şentopuň ýolbaşçylygynda Antalaýda geçirilýär.

“Özgerýän dünýäde köp taraplylygyň höweslendirilmegi” temasy bilen geçirilýän maslahata gurama agza 27 ýurduň wekiliýeti gatnaşýar.

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop maslahatyň birinji gününde Aziýa Parlamentarlar Assambleýasy APA-nyň Baş sekretary Mohammad Reza Mažidi we resmi wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Maslahata, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen birlikde Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Türkmenistanyň we Ýemeniň mejlisiniň başlygy gatnaşýar.

Maslahata Yragyň, Palestinanyň, Russiýanyň, Iordaniýanyn we Omanyň wekiliýetlerine bolsa mejlis başlyklarynyň wekilleri ýolbaşçylyk eder.

DKTR-nyň Mejlisiniň başlygy Zorlu Töre hem maslahata ýörite myhman hökmünde gatnaşýar.

Maslahatyň çäginde Ýerine ýetirijiler geňeşiniň we APA-nyň hemişelik komitetiniň oturluşyklary geçirler.

Maslahat ertir Antalýa jarnamasynyň kabul edilmegi bilen öz işini tamamlar.

Ýene degişli makalalar

Kruiz Gämileri Bodruma Gelmäge Dowam Edýär
Russiýanyň Antalýadaky Baş konsullygynyň täze hyzmat binasy açyldy
Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy
Antalýa Gelen Syýahatçylaryň Sany 8,28 Göterim Artdy
Antalaýdaky myhmanhanalaryň dolulyk derejesi sentýabr aýynda hem ýokary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny