Russiýanyň Antalýadaky Baş konsullygynyň täze hyzmat binasy açyldy

Russiýanyň Antalýadaky Baş konsullygynyň täze hyzmat binasy açyldy

Russiýanyň Antalýadaky Baş konsullygynyň täze hyzmat binasynyň açylyşyna, gubernator Hulusi Şahin, Russiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Ýerhow, şäher häkimi Muhittin Böjek, Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary ýokary komissary Tatiana Moskalkowa, döwlet edaralarynyň müdürleri, käbir ilçihanalaryň konsullary gatnaşdylar.

Russiýanyň Antalýadaky Baş konsuly Sergeý Wetrik beren beýanatynda, täze we döwrebap bina göçendikleri üçin örän şatdyklaryny belläp, konsullyga ýüz tutanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny habar berdi.

Sergeý Wetrik dynç almak üçin gelýän rus syýahatçylaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşýandyklaryny mälim etdi.

Antalaýda on müňlerçe rus raýatynyň ýaşaýandygyny aýdan Sergeý Wetrik: "Her ýyl birnäçe million rus Antalýa gelýär. Antalýa 2023-nji ýylda 3,5 million rus syýahatçy geldi. Mundan başgada işleýän sebitimiziň içinde Mugla hem girýär. Ol ýerde hem köp raýatymyz bar" diýip aýan etdi.

Konsullyk wezipelerinden başga-da, Russiýanyň Ankaradaky ilçihanasynyň ýolbaşçylygynda rus-türk gatnaşyklarynyň ösmegine goşant goşandyklaryny aýdan Wetrik, geçen ýylyň dowamynda köp sanly rus-türk çärelerine gatnaşandyklaryny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Kruiz Gämileri Bodruma Gelmäge Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Arkadag futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkiýäniň Agry dagynyň depesine galdyryldy
Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy
Antalýa Gelen Syýahatçylaryň Sany 8,28 Göterim Artdy