Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkiýäniň Agry dagynyň depesine galdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkiýäniň Agry dagynyň depesine galdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagynyň depesinde “Arkadag” futbol toparynyň janköýerlerinden ybarat bolan ekspedisiýa gatnaşyjylar tarapyndan dabaraly ýagdaýda açyldy. Agry dagyna ekspedisiýa 16-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň goldawy bilen amala aşyryldy.

Alty adamdan ybarat bolan ekspedisiýa türkmen talyby we alpinist Agajan Öwläkulyýew ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Alpinist ýörüşine gatnaşyjylar Agry dagynyň depesine, 5137 metr beýiklige ýetilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, “Arkadag” futbol toparynyň nyşanyny hem-de 2026-njy ýylyň nyşany dabaraly ýagdaýda açyldylar.

Bu çäre milli gymmatlyklara hem-de sport üstünliklerine hormatyň nyşany hökmünde çykyş etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu başlangyç, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” şygar bilen yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guraldy.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň goldawy hem-de Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň başlangyjy bilen Ankara we Antalýa şäherlerinde hem “Arkadag” futbol toparynyň janköýerler klublary döredildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Arkadag futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmennebit halkara nebit-gaz kompaniýalaryny özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrdy
“Türkmennebit” DK-niň başlygy nebitgaz toplumyndaky täze taslamalary mälim etdi
Gülüstan Agajanowa Dutaryň sesi atly VII halkara sungat festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi başardy
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar