Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Arkadag futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Arkadag futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

2026-njy ýylyň 1-6-njy marty aralygynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Arkadag futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagyna çykdylar.Bu başlangyç, 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany şygar bilen yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guraldy. Çäre sport diplomatiýasyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, şeýle hem watançylyk we milli gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirildi.

Alpinist ýörüşine tejribeli alpinist we toparyň ýolbaşçysy Agajan Öwlýagulyýew ýolbaşçylyk etdi.Alty günüň dowamynda gatnaşyjylar çylşyrymly ugurlary we beýik daglaryň agyr howa şertlerini ýeňip geçip, ýokary taýýarlyk derejesini, agzybirligi we maksada okgunlylygyny görkezdiler.

Agry dagynyň depesine, 5137 metr beýiklige ýetilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Arkadag futbol klubunyň nyşany hem-de 2026-njy ýylyň nyşany dabaraly ýagdaýda açyldy.Bu sport çäresi milli gymmatlyklara, sport üstünliklerine hormatyň nyşany bolup, halklaryň arasynda parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany boldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldawy bilen, Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň we sport janköýerleriniň başlangyjy boýunça Ankara we Antalýa şäherlerinde Arkadag futbol klubunyň janköýerler klublarynyň döredilendigini bellemeli.

Bu ädim Arkadag futbol klubuna bolan halkara gyzyklanmanyň yzygiderli artýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, türkmen ýaşlarynyň Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni we sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygyny tassyklaýar.

Arkadag futbol klubunyň daşary ýurtlarda janköýerleriň sanynyň artmagy türkmen sportunyň abraýynyň ýokarlanýandygyny we onuň halkara giňişliginde barha giňden tanalýandygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkiýäniň Agry dagynyň depesine galdyryldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Galkynyş gaz käniniň dördünji tapgyrynda işleriň başlanmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gülläp ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr
Türkmennebit halkara nebit-gaz kompaniýalaryny özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrdy
“Türkmennebit” DK-niň başlygy nebitgaz toplumyndaky täze taslamalary mälim etdi
Gülüstan Agajanowa Dutaryň sesi atly VII halkara sungat festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi başardy