Gülüstan Agajanowa Dutaryň sesi atly VII halkara sungat festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi başardy

Gülüstan Agajanowa Dutaryň sesi atly VII halkara sungat festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi başardy

Beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan Dutaryň sesi atly VII halkara sungat festiwalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Gülüstan Agajanowa çykyş etdi. Onuň çykyşyna aýdym-saz bäsleşiginiň hünärmenleri tarapyndan ýokary baha berildi. Sazlary pianinoda gowy çalanlygy üçin emin agzalary Gülüstany ikinji derejeli diplom bilen sylagladylar.

Şeýle möhüm halkara festiwala gatnaşmak we çykyş etmek meniň paýyma düşdi. Daşary ýurt sahnasynda ilkinji gezek emin agzalarynyň ýokary baha bermegi meni diýseň buýsandyrdy diýip, Gülüstan Agajanowa gürrüň berýär.

Häzirki wagtda Gülüstan Agajanowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz we fortepiano fakultetiniň ikinji ýylynda okaýar. Gülüstan 9 ýaşyndan bäri aýdym-saz bilen gyzyklanýar. Ol başda Lebap welaýatynyň aýdym-saz mekdebiniň fortepiano bölüminiň müdiri, mugallymy Dilaram Awanesowadan tälim aldy.

Gülüstanyň aýtmagyna görä, ol bir ýyl bäri Nura Halmamedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan Dutaryň sesi atly halkara sungat festiwalyna yhlas bilen taýýarlanypdyr:

— Meniň daşary ýurtdaky ilkinji çykyşym bolanlygy sebäpli, gaty alada etdim. Bir ýylyň dowamynda taýýarlandym. Konserwatoriýadaky mugallymym Aýlar Saparmyradowa meni goldady, men oňa örän minnetdar.

Bäsleşigiň çäginde Gülüstan Agajanowa J.S.Bahyň, B.Hudaýnazarowyň we M.Huseýnowyň repertuaryndan üç sany aýdym-saz ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Ýetginjek taýboksçylar Türkmenistanyň kubogy ugrunda göreşdiler
Türkmenistanyň esasy wakalary | 28-nji dekabr
Alekseý Teksler Aşgabatdaky Günorta Uralyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi
Aşgabat Halkara aýdym-saz gününi konsert bilen belledi
IKEA dolulygyna elektroulaga geçer
OGT-2022: Türkmenistan daşary ýurtly maýadarlara Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit amallaryny amala aşyrmagy teklip edýär