Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryny geçirmek hukugyna eýe bolan döwletleriň sanawyny mälim etdi. Bu barada TFF-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň merkezleşdirilen duşuşyklary Hindistanda, Kuweýtde, Gyrgyz Respublikasynda, Malaýziýada, Mongoliýada we Özbegistanda geçiriler.

Yklym ýaryşynyň bije çekişlik dabarasynyň 24-nji fewralda geçiriljekdigini ýatladýarys. Bije çekişlik Aşgabat wagty bilen 12:00-da başlanar.

Saýlama duşuşyklaryny 8 ― 14-nji iýun aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Bije çekişligiň netijesinde toparçalaryň 6-sy emele geler. Duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek toparçalaýyn bäsleşigiň netijesinde her toparçanyň ýeňijisi bilen ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň 5-si Aziýanyň

Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik alar.

Bije çekişlikde ýygyndylaryň ýerleşjek sebetleriniň deslapky görnüşi:

1-nji sebet: Özbegistan, Bahreýn, Iordaniýa, Gyrgyz Respublikasy, Palestina, Hindistan;

2-nji sebet: Taýland, Täjigistan, Filippinler, Türkmenistan, Kuweýt, Gonkong;

3-nji sebet: Owganystan, Ýemen, Mýanma, Malaýziýa, Maldiwler, Indoneziýa;

4-nji sebet: Singapur, Nepal, Kamboja, Mongoliýa, Bangladeş, Şri-Lanka.

Yklym ýaryşynyň final böleginiň 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny — 16-njy iýuly aralygynda Hytaýyň 10 şäherinde (Pekin, Týanszine, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn, Suçjou) geçirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol boýunça U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine birinji torbadan gatnaşar
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy
14-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi