Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar

Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Iňlis dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synaglaryň sanawyna girizildi. Ozal çäkli ugur dersi hökmünde daşary ýurt dilini uçurymlaryň özleri saýlaýardylar. Hökmany döwlet gutardyş synaglary ene dili we edebiýat, algebra we analiziň başlangyçlary, jemgyýeti öwreniş dersleri boýunça geçirilýär. Bäşinji synag ugurdaş ders boýunça. Ýatlatsak, şu ýyl ýurduň orta mekdeplerini 82 müňden gowrak ýaş türkmenistanly tamamlady.

2.Türkmenistanyň Gahrymany kosmonawt Oleg Kononenko kosmosda bolmak möhletiniň dowamlylygy boýunça rekordy täzelemäge taýýarlanýar. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Oleg Kononenko we Nikolaý Çub, şeýle hem NASA-nyň astronawty Loral O'Hara Soýuz MS-24 kosmos gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna ugrarlar we ol ýerde bir ýyla golaý wagt geçirerler. Şeýlelik bilen, Oleg Kononenko jemi 1000 günden gowrak wagt kosmosda bolan ilkinji adam bolup biler.

3.Türkmenistanyň 500-e golaý wekili şu ýyl Russiýanyň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde mugt bilim almak mümkinçiligine eýe bolarlar.Olardan bakalawriat we hünär taýýarlygy maksatnamalary üçin 355 orun, magistratura üçin 79 orun, aspirantura we ordinatura üçin hersine 33 orun bölünip berler.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti tarapyndan 2023/24-nji okuw ýyly üçin döredilen orunlaryň çäklerinde geçiriljek seçip almak işleriniň netijeleri Aşgabatdaky Rus öýüniň resmi telegram-kanalynda çap ediler.

4. 3-nji iýunda Juzeppe Werdiniň 210 ýyllygy mynasybetli Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hemaýat bermeginde WERDI konsertini gurar.Italýan kompozitor Juzeppe Werdiniň döredijiligi dünýä opera sungatynyň iň uly üstünlikleriniň biridir.

Ol 26 opera döretdi, şolaryň hatarynda Maskaly bal, Rigoletto, Trubadur, Trawiata iň meşhurlarydyr.Onuň soňky Aida, Otello we Falstaf operalary kompozitoryň döredijiliginiň iň ýokary derejesi boldy.Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda çykyş eder.

Konsert sagat 19:00-da başlanýar.Giriş mugt.

5.Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky degişli lukmançylyk edaralarynda çagalaryň dürli operasiýalaryny geçirmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan yzygiderli serişdeler bölünip berilýär. 100-den gowrak çaga eýýäm hirurgiki bejergi aldy, 50-den gowragy lukmançylyk barlagyndan geçdi we zerur bolan dürli lukmançylyk maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde Aşgabat şäherinden we welaýatlardan 13 sany çaga üçin türkmen hünärmenleri tarapyndan kardiohirurgiýa, ortopediýa we neýrohirurgiýa operasiýalary geçirildi.

Dünýäde

6. Hytaýda işlenip düzülen we döredilen uly gabaraly C919 reaktiw uçary ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Hytaýyň ilkinji ýolagçy uçarynyň kabinasy 164 ýolagçy üçin niýetlenendir. C919 Hytaýyň täjirçilik awiasiýa korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly darfýuzelýažly Airbus we Boeing uçarlarynyň ornuny tutmak maksady bilen döredildi. Comac kompaniýasy ýylda 150-ä çenli C919 uçaryny öndürmegi meýilleşdirýär.

7. Ýaponiýanyň günortasyna güýçli Mawar taýfuny ýakynlaşýar.Häzir taýfun Ýapon adalarynyň günorta-gündogarynda ýerleşýär, ýeliň tizligi sekuntda 45 metre, güýçlenen ýagdaýynda 60 metre ýetýär.Hepdäniň ahyryna taýfun ýurduň iň günorta welaýaty bolan Okinawa ýetmeli.

Taýfun örän pes tizlikde hereket edýär, şonuň üçin sebitdäki ýaramaz howanyň uzaga çekmegine garaşylýar. Ýolbaşçylar we ýerli ilat harasatly şemala we uzak wagtlap dowam etjek ýagyşlara taýýarlyk görýärler.

Sport habarlary

8.Futzal boýunça Aziýa Kubogy-2024 çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişligi 22-nji iýunda AFK-nyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasynda geçiriler.Göni ýaýlym Aşgabat wagty bilen 12:00-da başlanar.

Bije çekişligiň netijelerine görä, 31 sany ýygyndy 8 toparça bölüner.Her toparçadaky ýeňijiler, şeýle hem ikinji orny eýelän iň güýçli 7 ýygyndy futzal boýunça Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşarlar.

Saýlama tapgyryň duşuşyklary 7 11-nji oktýabr aralygynda geçiriler.

9.Argentinaly tälimçi Maurisio Poçettino Londonyň Çelsi toparynyň ýolbaşçylygyna bellenildi. 51 ýaşly hünärmen ýene bir möwsüme uzaltmak mümkinçiligi bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy.Ol täze wezipesine 1-nji iýulda girişer.

Poçettinonyň soňky işi ýeri PSŽ bolupdy, ol wezipesinden geçen tomus aýrylypdy. Çelsi APL-niň 2022/2023 möwsümini 44 utuk bilen 12-nji orunda tamamlady.Aprel aýyndan bäri topara wagtlaýynça Frenk Lempard ýolbaşçylyk edýär.

10. 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň çempionatynda Buharestiň Rapid toparynyň 17 ýaşly futbolçysy Adrian Ebersbah Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde duşuşyklara gtnaşdy.CAFA-2023 çempionatynyň duşuşyklary 21 28-nji maý aralygynda Täjigistanda geçirildi.

Bu ýaryşa Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylaryndan başga-da, Owganystanyň, Özbegistanyň hem-de Eýranyň toparlary gatnaşdylar.Ebersbah 13 ýaşynda Türkmenistana göçüp geldi we Aşgabadyň Altyn täç toparynyň düzüminde oýnady.

Futbolçy 14 ýaşynda Rumyniýa göçdi we häzirki wagtda Rapidiň ýaşlar toparynda oýnaýar.

Ýene degişli makalalar

Poçettino Çelsiniň baş tälimçisi boldy
Antonio Konte Tottenhemi terk etdi
Çelsi we Tuhel barada...
FIFA-da ýylyň iň gowulary
Türkmenistanyň Mejlisiniň täze başlygy saýlanyldy, Russiýa Türkmenistanda öz ilçisini çalyşdy, Gazagystan we Türkmenistan döwlet serhedinden geçmegiň tertibi barada ylalaşdylar we beýleki habarlar
Aşgabatda Juzeppe Werdiniň 210 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler