Aziýanyň Ösüş Banky türkmen işewürleriniň taslamalaryny maliýeleşdirýär

Aziýanyň Ösüş Banky türkmen işewürleriniň taslamalaryny maliýeleşdirýär

26-njy noýabrda geçen Ministrler Kabientiniň mejlisinde premýer-ministriň ykdysady, bank meseleler we halkara maliýe guramalar boýunça orunbasary Serdar Berdimuhamedow prezident Berdimuhamedowa Daşary ykdysady bankyň we Aziýanyň Ösüş bankynyň(AÖB) arasynda kiçi hem orta gürpdäki işewürleriň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça düşünişmek we maliýe şertleri barada Jarnama gol goýmak babatda teklibi hödürledi.

Bu barada TDH habarlar gullugy maglumat berýär.

Habar gullugy telekeçileriň maliýeleşdirmek üçin teklip edýän taslamalaryny döwlet toparlarynyň analiz etjekdigini belleýär.

Prezidentiň bellemegine görä, soňky ýyllarda ýurdyň şirketleriniň hem hususy kärhanalarynyň gatnaşmagynda esasy üns import edilýän harytlary çalyşjak we eksport ediljek önümlere berilýär.

“Bu güni Türkmenistanyň işewürler we senagatçylar bileleşigi (TSIB) bazaryň täze ugurlary boýunça üstünlikli işleýärler, pudaklaýyn maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, daşary bazarlarda bäsdeşlik edip biljek dürli görnüşli önümleri öndürýärler” diýen Berdimuhamedow teklibi makullady we türkmen işewürleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek babatda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Owalky mejlisde söwda boýunça wise-premýer Çary Gylyjow gözegçilik edýän pudagy babatda hasabat berende, prezident ýerli hususy harytlaryň hasabyna içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrypdy.

Prezident öz orunbasaryna diňe ýurtda işewürligi mundan beýläkde ösdürmek ugrunda şertleri döretmegi däl-de, TSIB-niň işini hem ösdürmegi buýrupdy.

2021-nji ýylyň iýunynda belli bolmagyna görä, AÖB üç ýylyň dowamynda her ýylda etaplaýyn karz pul bermek babatda Türkmenistan bilen gepleşikler geçirýär.

Şonda bankyň wekilleri ýerli banklar arkaly kiçi we orta kärhanalary maliýeleşdirmek, şepagat uýalaryny we saglygy saklaýyş işgärlerini taýýarlamak, şeýlede demir ýollaryň işlerini öz içine alýan pudagyň çägini giňeltmek barada türkmen tarapy bilen pikir alyşypdy.The post Aziýanyň Ösüş Banky türkmen işewürleriniň taslamalaryny maliýeleşdirýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Aziýa Ösüş Bankynyň tebigy serişdeler bazary boýunça platformasyna gatnaşar
AÖB entek “Talybany” BMG-sy we dünýäniň iri ykdysadyýetleri ykrar edýänçä, TOPH taslamasyna gatnaşmagyny togtatdy
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ BSG-NA AGZA BOLMAGY BILEN BAGLY MESELELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi