AÖB entek “Talybany” BMG-sy we dünýäniň iri ykdysadyýetleri ykrar edýänçä, TOPH taslamasyna gatnaşmagyny togtatdy

AÖB entek “Talybany” BMG-sy we dünýäniň iri ykdysadyýetleri ykrar edýänçä, TOPH taslamasyna gatnaşmagyny togtatdy

Pakistanyň The News neşiri 31-nji martda Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky toparynyň we Pakistanyň energiýa ministri Hammad Azharyň başlykylygyndaky toparynyň Yslamabatdaky duşuşygynyň käbir jikme-jiklerini açyklady.

Türkmen toparynyň pakistan tarapyna habar bermegine laýyklykda, TOPH taslamasynyň uýgunlaşdyryjysy bolan Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) entek “Talyban” hökümetini BMG we dünýäniň iri ykdysadyýetli ýurtlary ykrar edýänçä, TOPH gaz geçirijisiniň işlerine gatnaşmagyny bes etdi.

Bu barada jurnalistlere Hammad Azhar gürrüň berdi.

Üstesine-de, taraplar gaz geçiriji boýunça işleri dowam etdirmek kararyna geldiler.

Türkmen tarapy TOPH gaz geçirijisini maliýeleşdirmegini 2016-njy ýyla çenli tamamlamalydy,emma, başarmady.

2020-nji ýylyň dekabrynda türkmen tarapynyň we AÖB-niň wekilleriniň duşuşygynda belli bolmagyna görä, taslamanyň durmuşa geçirilişi pesinden 6-9 aý gaýra süýşürilýär.

2021-nji ýylyň fewralynda AÖB-niň yglan etmegine laýyklykda, TOPH gaz geçirijisiniň ilkinji etaby 2021-nji ýylda gurlar. “Ilkinji etabyň” nämäni aňladýandygy belli dal.The post AÖB entek “Talybany” BMG-sy we dünýäniň iri ykdysadyýetleri ykrar edýänçä, TOPH taslamasyna gatnaşmagyny togtatdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aziýanyň Ösüş Banky türkmen işewürleriniň taslamalaryny maliýeleşdirýär
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ BSG-NA AGZA BOLMAGY BILEN BAGLY MESELELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselelerine seredildi