Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselelerine seredildi

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselelerine seredildi

Anna güni Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle hem şol gün hökümet topary Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) bilen bilelikde BSG-niň agza bolmak işi we Söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi boýunça Ylalaşygy barada geňeşme duşuşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de mejlise BSG-niň sekretariatynyň, UNECE-iň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemileşik utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyndaky Hemişelik wekili, şeýle-de garaşsyz bilermenler we guramalar gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Daşary söwda strategiýasyny iki tapgyrda durmuşa geçirmegiň çäklerinde resminamanyň amala aşyrmagyň birinji tapgyry boýunça Ýol kartasyna laýyklykda, Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy üçin taýýarlyk işleriniň tamamlanmagy babatynda ähmiýetli işleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini beýan etdi.

Strategiýanyň ikinji tapgyrynda Türkmenistanyň Guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde BSG-na girmegi hem-de täze şertlerde Türkmenistanyň daşary söwda ulgamynyň, logistika infrastrukturasynyň has hem ösdürilmegi we daşary söwdasynyň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.

Duşuşykda AÖB-nyň tehniki goldawynyň hem-de hemaýatynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamanyň işlenilip düzülmegi boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki işleriň derwaýyslygy nygtaldy.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça işleriň dowam edilmegi ugrunda ileri tutulýan meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan BSG-de synçy derejesini aldy, şu ýylyň fewralynda bolsa BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistana BSG-na goşulýan ýurt (işjeň synçy) derejesiniň berilmegi baradaky karar kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

14-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen diplomaty BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmen wekiliýeti Tbiliside geçirilýän AÖB-nyň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar
AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN “TÜRKMENDEMIRÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK
AÖB: 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ 5 göterim, inflýasiýa 12,5 göterim ösdi