Talyplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna dört aý soňra täzeden başlamagy söz berýär

Talyplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna dört aý soňra täzeden başlamagy söz berýär

Owganystanyň dag magdanlary senagaty we nebit ministrliginiň metbugat wekili Esmatulla Burhaniniň aýtmagyna görä, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen ilteşikli işler dört aý soňra başlanar diýip “Tolo News” habar gullugy habar berýär.

Gurluşygyň gijikdirilmegi gaz geçirijiniň çekiljek ýerini almak bilen ilteşikli.Häzirki döwürde gaz geçirijiniň gurluşygyna başlamak üçin zerur 15 göterim çemesi ýeri almak galdy.Bu wezipe ýakynda çözler diýip Burhani belleýär.

Şu ýylyň ýanwarynda “Talyban” wekilleri (Owganystanyň häzirki hökümeti) Aşgabada bardylar we TOPH-iň gurluşygyny martda başlamagyň meýilleşdirilýändigini tekrarladylar. Emma, bu bolmady.

Mundan öň taslama beýleki gatnaşyjylar gaz geçirijiniň howpsuzlygy bilen bagly aladasyny birnäçe gezek beýan etdiler. Muňa jogap hökmünde 2022-nji ýylyň fewralynda talyplar TOPH-iň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda meýilnama hödürlediler.

Mart aýynda Aziýanyň Ösüş Banky(AÖB), taslamanyň uýgunlaşdyryjysy “entek BMG we dünýäniň iri ykdysadyýeti talyban hökümetini ykrar edýänçä” oňa gatnaşmagyny togtatdy.

Öz gezeginde, Talyplar gurluşygyň AÖB-siz hem dowam etdiriljekdigini beýan edipdi.

Aprel aýynda Hindistanyň prezidenti Türkmenistana sapar edende, TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlygy meselesini galdyrypdy.

Türkmen tarapy gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmegi “telekeçiligi ýöretmek ýörelgeleriniň” integrasiýa ýoly barada hindistanyň tekliplerini öwrenmegi söz beripdi.The post Talyplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna dört aý soňra täzeden başlamagy söz berýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Pakistanly resmi: TOPH taslamasy, maliýe meseleleri çözülenden soň, üç-dört ýylyň içinde tamamlanar
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Aşgabatlylar Nepangar Jagruti Kala Kendra hindi tans toparynyň döredijiligi bilen tanyşdylar
Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy
Türkmen-türk uniwersitetiniň ozalky mugallymy 'gülençilikde' aýyplanyp tutuldy
Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana sapary