Ortaça iň köp gol geçirilen çempionat (Dünýä Kubogy 1954)

Braziliýadaky ýaryşy başarnykly tamamlan FIFA 5-nji Dünýä Kubogyny gurajak ýurdy 1946-njy ýylda, Lüksemburgda geçiren kongressinde belli edipdi. Şonda 5-nji Dünýä Kubogyny guramaklyk Şweýsariýa döwletine ynanylypdy. Ýer eýesi Şweýsariýa bilen soňky çempiondan başga gatnaşjak 14 topar üçin geçirilen saýlama tapgyrynda jemi 37 ýygyndy çykyş edýär.

Saýlama tapgyrynyň iň ýatda galan pursatlarynyň biri Rimde bolup geçýär.Türkiýäniň ýygyndysyny Madridde 4-1 Ispaniýanyň ýygyndysy jogap oýnunda Stambulda 1-0 utulýar. Şol wagtky düzgünlere laýyklykda, 3-nji duşuşyk oýnalmaly bolup, ol Rimde geçirilýär.

Bu duşuşykda 120 minutyň dowamynda ýeňiş gazanan bolmaýar (2-2).Netijede, Şweýsariýa gitjek ýygyndyny bije arkaly kesgitleýärler we Luiji Franko Jemma atly 14 ýaşyndaky italýan oglanjygynyň çeken bijesinden Türkiýe çykýar we türkler ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar.

Şweýsariýanyň 6 şäherinde (Bern, Sürih, Lozanna, Bazel, Lugano, Ženewa) geçirilen çempionatda 16 topar 4 toparça paýlanýar. Çempionatyň geçiriliş formaty ozalkylardan düýpgöter üýtgeşik bolup, ol futbolyň taryhyndaky iň akla sygmajak ulgam hasaplanýar. Ýygyndylar her toparçada 2 duşuşyk geçirmeli edilýär. Ýagny bijä laýyklykda her toparçanyň 2 esasy faworiti beýleki faworit däl 2 topar bilen duşuşýar.

Başgaça aýdylanda, toparçada 4 duşuşyk oýnalyp, faworitler özara duşuşmasyz edilýär.

1-nji toparçada Braziliýa Žinganyň 2 gol geçiren oýnunda Meksikany 5-0 hasabynda utýar. Ýugoslawiýa bolsa Fransiýany Bora Milutinowiçiň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňýär. Braziliýa bilen Ýugoslawiýanyň arasyndaky oýun 11 deňlikde tamamlanyp, ikisi çärýek finala çykýar.

2-nji toparçada Puşkaşyň ýolbaşçylygyndaky Wengriýa ilkinji gezek gatnaşýan Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyny 90 hasabynda ýeňýär.Duşuşykda Koçiş 3, Puşkaşdyr Palotaşyň hersi 2 gezek tapawutlanýar.Bu Dünýä Kubogynyň taryhyndaky iň uly aratapawutly ýeňişleriň ilkinjisidir.

Günbatar Germaniýa Türkiýäniň ýygyndysyny 4-1 hasabynda ýeňýär.Soňra wengerler nemesleri-de uly hasap bilen utmagy başarýar (83).Duşuşykda Koçiş 4 goly öz adyna ýazdyrýar.Türkler bolsa koreýleriň torundan jogapsyz 7 gol girizýär.

Duşuşykda Burhan Sargun het-trik edýär.Utuklary deň bolan Günbatar Germaniýa bilen Türkiýe pleý-off oýnamaly bolýar.Marlogyň 3, Şaferiň 2 gol geçiren oýnundan 72 hasabynda ýeňiş gazanan nemesler ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar.

3-nji toparçada soňky çempion Urugwaý ilki Çehoslowakiýany 20, soňra Şotlandiýany 70 hasabynda ýeňýär. 2-nji duşuşykda Borges 3, Miges we Abbadiniň hersi 2 gol geçirýär. Şotlandlary 10 (Probst 33), çehleri-de 50 (Stoýaspol 3, 65, Probst 4, 21, 24) hasabynda ýeňen Awstriýa indiki tapgyra çykan 2-nji topar bolýar. Toparçada Çehoslowakiýadyr Şotlandiýanyň ýygyndylaryna tapawutlanmak başartmaýar.

4-nji toparçada futbolyň watany Angliýa bilen Belgiýanyň arasyndaky duşuşyk örän çekeleşikli geçip, oýun goşmaça wagtyň netijesinde 44 hasabynda deňlikde tamamlanýar.Iňlisleriň gollaryny Brodis (26, 63) bilen Lofthauz (36, 91) geçirse, şweýsarlaryň adyndan Anul (5, 71), Koppens (67) hem-de Dikinson (94 ö.d.) tapawutlanýar. Şweýsariýa Italiýanyň eminiň gödek ýalňyşlyklaryndan peýdalanyp, 21 hasabynda ýeňýär.

Angliýa Şweýsariýany Mullen we Wilşowyň gollary bilen 20 ýeňýär.Italiýa bolsa Belgiýadan 41 üstün çykýar.Utuklary deň bolan şweýsarlar bilen italýanlar gaýtadan duşuşýar. 41 hasabynda ýeňiş gazanan ýer eýeleri Angliýadan soň 2-nji çärýek finalçy bolýar.

Çärýek finalyň oýunlarynda brazil futbolçylary şol wagtlaryň iň güýçli topary, Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Wengriýadan 42 hasabynda utulyp, öýlerine ir dolanmaly bolýar.Bern şäherinde oýnalan bu duşuşyk futboldan zyýada, oýunda gödek hereketler, futbolçylaryň meýdançanyň içindäki hem-de daşyndaky özara sene-menesi, urşy bilen ýatda galýar. “Bern söweşi” adyny alan bu duşuşykda angliýaly emin Artur Ellis tarapyndan Wengriýadan 1, Braziliýadan 2 oýunçy meýdançadan çykarylýar.

Netijede, her ýarymda 2 gol geçiren wengerler 42 ýeňýär (Hidegkuti 4, Koçiş 7, 88, Lantos 60 p Žalma Santos 18 p, Julinio 65).Edil şeýle hasap bilen Urugwaý hem Angliýadan üstün çykýar.

Dünýä Kubogynyň taryhyndaky iň gowy duşuşyklarynyň hatarynda agzalýan bu oýunda Urugwaýyň gollaryny Borges, Warela, Skiaffino hem-de Ambrois geçirýär.Günbatar Germaniýa bilen Ýugoslawiýanyň arasyndaky duşuşykda nemesler Horwatyň (9 ö.d.) hem-de ofsaýtdan salan Ranyň (85) gollary esasynda 20 ýeňýär.

Tapgyryň iň gyzykly duşuşygy ýer eýesi Şweýsariýa bilen Awstriýanyň arasynda bolýar. Ýer eýeleri 3 minutda Ballaman (16) we Huginiň (17, 19) gollary bilen 30 hasabynda öňe saýlanýar. Ýöne dessine myhmanlar hem 3 minutda Wagneriň (25, 27) hem-de Körneriň (26) hasaby deňlemegi başarýar. 1-nji ýarymda ýene-de 3 gol geçirilip, Awstriýa 5-4 öňe saýlanýar. 2-nji ýarymda Awstriýa 2, Şweýsariýa 1 gol geçirýär.

Netijede, 12 goluň geçirilen oýnunda Awstriýa ýer eýelerinden 7-5 üstün çykyp, ýarym finala çykýar (Wagner 25, 27, 53, R.Körner 26, 34, Oçwirk 32, Probst 76 Ballaman 16, 39, Hügi 17, 19, 58).

Ýarym finalda esasy wagty deňlikde gutaran oýunda Wengriýanyň ýygyndysy Urugwaýy 4-2 hasabynda utýar.Duşuşykda wengerler Çisor (13) hem-de Hidegkutiniň (46) gollary bilen 2-0 öňe saýlanýar.

Urugwaý Hobergiň 75-nji hem-de 86-njy minutlardaky gollary esasynda hasaby deňlese-de, goşmaça wagtda, has takygy 111-nji we 116-njy minutlarda Koçiş Wengriýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren oýunçy bolýar.

Bu Urugwaýyň Dünýä Kubogynda ilkinji ýeňlişi hökmünde hasaba alynýar. Ýarym finalyň beýleki duşuşygy germaniýalylar üçin juda ýeňil geçýär.Awstriýanyň ýygyndysyny Şafer (31), Morlok (47), Fritz Walter (54 p, 64 p) hem-de dogany Ottmar Walter (61, 89) dagynyň gollary bilen 6-1 hasabynda utup, ilkinji gezek finala çykýar.

Final duşuşygy 4-nji iýulda Berndäki “Wankdorf” stadionynda oýnalyp, angliýaly William Lingiň eminlik eden oýnuna 60 müň janköýer tomaşa edýär.Duşuşykdan öň hemmeler şol döwrüň hem-de çempionatyň super topary bolan wengerleriň ýeňiş gazanmagyna garaşýarlar.

Entek janköýerler ýerlerine doly oturmanka wengerler hasaby açýar. 6-njy minutda Puşkaş toparyny öňe çykarýar.Bu goldan 2 minut soň Çisor hasaby 2-0-a ýetirýär. Ýöne derrew özlerini dürsän nemesler hasaby deňlemegi başarýar 10-njy minutda Morlok, 18-nji minutda-da Ran tapawutlanýar. 1-nji ýarym şol hasap bilenem tamamlanýar. 2-nji ýarymda-da toparlaryň ikisi-de eden hüjümlerinden oňyn netijesi alyp bilmeýär.

Duşuşygyň tamamlanmagyna 6 minut galanda, ýene-de Helmut Ran peýda bolýar.Jerime meýdançasyndaky başagaýlykda topy uran Ran nemesleri 3-2 öňe saýlaýar. 86-njy minutda Puşkaş hasaby deňleýär, ýöne emin goly ofsaýt sebäpli hasaba almaýar (Köpleriň pikirine görä, golda ofsaýt ýokdy). Şeýlelikde, Günbatar Germaniýa 5-nji Dünýä Kubogynyň çempiony bolýar.

Bu çempionat Dünýä futbolynda täze ýygyndynyň taryhy başarnyklarynyň başlangyjy bolýar.Bu ýaryşda Dünýä Kubogynyň taryhyndaky ençeme rekordy goýan Wengriýanyň ýygyndysynyň finalda utulmagy hemmeleri geň galdyrýar. “Altyn topar” lakamly ýygyndynyň garaşylmadyk ýeňlişi “Berndäki täsinlik” (The Miracle of Bern) diýen setirler bilen beýan edilýär.

Wengerler 1938-nji ýyldan soň 2-nji gezek finalda utulýar.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda Awstriýa bilen Urugwaý duşuşýar. Duşuşykda Ýewropanyň wekili 3-1 hasabynda üstün çykyp, Dünýä Kubogyndaky ýeke-täk medalyny gazanýar.

Geçirilen duşuşyklar

1-nji toparça: ÝugoslawiýaFransiýa: 1-0, BraziliýaMeksika: 5-0, BraziliýaÝugoslawiýa: 1-1 (g.w.), Fransiýa-Meksika: 3-2 2-nji toparça: Günbatar Germaniýa-Türkiýe: 4-1, Wengriýa-Koreýa Res.: 9-0, Wengriýa-Germaniýa: 8-3, Türkiýe-Koreýa Res.: 7-0, Germaniýa-Türkiýe: 7-2, 3-nji toparça: Awstriýa-Şotlandiýa: 1-0, Urugwaý-Çehoslowakiýa: 2-0, Urugwaý-Şotlandiýa: 7-0, Awstriýa-Çehoslowakiýa: 5-0, 4-nji toparça: Şweýsariýa-Italiýa: 2-1, Angliýa-Belgiýa: 4-4 (g.w.), Italiýa-Belgiýa: 4-1, Angliýa-Şweýsariýa: 2-0, Şweýsariýa-Italiýa: 4-1,

Çärýek final: Awstriýa-Şweýsariýa: 7-5, Urugwaý-Angliýa: 4-2, Wengriýa-Braziliýa: 4-2, Günbatar Germaniýa-Ýugoslawiýa: 2-0,

Ýarym final: Günbatar GermaniýaAwstriýa: 6-1, Wengriýa-Urugwaý: 4-2 (g.w.)

3-nji ýer: Awstriýa-Urugwaý: 3-1,

Final: Günbatar GermaniýaWengriýa: 3-2.

Gyzykly maglumatlar

* 1930-njy we 1950-nji ýyllaryň çempiony Urugwaý ýarym finalda Wengriýadan 4-2 hasabynda utulyp, Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar bolýar.

* 4-nji toparçada çykyş eden 4 toparam bir yklymyň adyndan (Ýewropa) wekilçilik edýär.

* Çempionatda Wengriýa 27 gol geçirip, şolaryň 11-sini öz adyna ýazdyran Sandor Koçiş ýaryşyň iň netijeli futbolçysy bolýar.

* Finalda ýeňiş gazanan Günbatar Germaniýa şol wagta çenli 31 oýundan bäri utulman gelýän wengerleriň bu başarnygyna soňky nokady goýýar.

* Bu çempionatda 26 duşuşykda 140 pökgi tora salnyp, şol wagta çenli iň köp gol geçirilen Dünýä Kubogy ýaryşy bolýar. Ortaça alnanda her duşuşyga 5,4 gol düşýär we bu çempionat iň köp gol geçirilen Dünýä Kubogy ýaryşy hökmünde taryha girýär.

* Bu çempionatdan soň 1982-nji ýyla çenli ýaryşa gatnaşýan döwletleriň sany 16 bolup galýar we şol ýyla çenli hiç hili üýtgedilmeýär.

* Duşuşyklar ilkinji sapar teleýaýlym arkaly görkezilip başlanýar.

Ýene degişli makalalar

“Real Madridiň” yzly-yzyna 5-nji kubogy
“Real Madridiň” yzly-yzyna 5-nji kubogy
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion