AÖB: 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ 5 göterim, inflýasiýa 12,5 göterim ösdi

AÖB: 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ 5 göterim, inflýasiýa 12,5 göterim ösdi

Aziýanyň Ösüş banky Aziýa ýurtlarynda ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýlaryna we geljegine syn edip, hasabat ýaýratdy.

Çap edilen maglumatlara görä, 2021-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümçilgi (JIÖ) 5 göterim ösdi, hatda, Aşgabat bu görkezijiniň 6,2 göterimdigini tekrarlaýar. 2022-nji ýylda JIÖ 6 göterime, 2023-nji ýylda 5,8 göterime deň boljakdygy çaklanýar.

2021-nji ýylda JIÖ-niň adam başyna düşüşi 4 göterime ýetip, 2022-nji ýylda 5, 2023-nji ýylda 4,8 göterime deň bolmagyna garaşylýar.

Türkmenistanda adam başyna düşýän JIÖ-niň nominal gymmaty barada beýleki ýurtlardan tapawutlylykda maglumat berilmeýär. Şeýlede senagatda, oba hojalykda, hyzmat pudakda goşmaça bahanyň ösüş nyrhy barada hem maglumat ýok.

Bellenmegine görä, birnaçe ýyl bäri statistiki maglumatlaryň birmeňzeş däldigi üçin Türkmenistan hasabata goşulmady. Şol sebäpli, 2017-2020-nji ýyllarda ýurt syna girmedi.

Tebigy gazyň daşary ýurtlara satylyşynyň 42 göterim artmagy netijesinde JIÖ-ni ösdürmek başartdy.

Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ösüşe koronawirus bilen bagly çäklendirmeler zeper ýetirdi. Üstesine-de,ýerli önümçilikde, azyk senagatynda we tekstil pudagynda import edilýän harytlary çalyşmak maksatnamalaryň hasabyna ösüşler göze ildi.

AÖB pagta we galla öndürmekde ösüşiň bolandygyny belleýär. Ýöne, olary ýygnamak boýunça planlar owalky ýyllara garanda, üýtgemändi.

Serhediň ýapylmagy we ýurdyň içinde hereketleriň çäklendirilmegi netijesinde syýahatçylykda, umumy iýmitde we hyzmat edişde “ýabygorly ösüşe” getirdi.

Gaz pudagyna maýa ýatyrymlary ýokarydy, hatda,ol JIÖ 2017-nji ýylda 39 we syn edilen 2021-nji ýylda 19 göterim peseldi.

Bahalaryň ýokarlanmagy we girdejileriň azalmagy hususy pudagyň ulanylyşyny kemeltdi.

2021-nji ýylda Inflýasiýa 12,5 göterime deň bolup, öňki ýyla garanda, 2,5 göterim ösdi.

Inflýasiýa 2017-nji ýylda 8, 2018-nji ýylda 13,2, 2019-njy ýylda 13, 2020-nji ýylda 10 göterime deň boldy. 2022-nji we 2023-nji ýyllarda 13 we 10 göterime deň bolmagyna garaşylýar.

Inflýasiýanyň ösmegi walýutanyň konwertasiýasynyň çäklendirilmegi we import edilýän azyk önümleriniň artmagy, ýerli önümleriň önümçiliginiň çet ýurt materiýallaryna bagly bolmagy bilen baglydygy aýdylýar.

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin döwlet dükanlary ilatyň öýlerine (ýumurtgany, ösümlik ýagyny, towuk etini we uny) subsidirlenen bahadan paýka şeklinde eltilip bermäge başlady.

Döwlet subsidiýeleriniň agramly bölegi döwlet kompaniýalaryna karz bermek üçin harçlandy.

Galanlary çet ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerine önüm öndürýän hususy kärhanalara berildi. Onuň möçberi habar berilmeýär.

Bellenmegine görä, sosial pudak üçin döwlet çykdajylarynyň esasy bölegi düýp gurluş desgalarynyň gurluşygyna harçlanýar. Käbir ýyllarda bu görkeziji JIÖ derejesine ýetipdi.

Hususan-da, Türkmenistanda saglygy saklaýyşa JIÖ-niň bary-ýogy 1,2 göterimi (YHÖG-da ortaça 7,9) bilime 3,5 göterimi (YHÖG-da ortaça 5,1), sosial goraga 3,1 göterimi (YHÖG-da 13,3 göterime deň) harçlanýar.

Bellesek, 2021-nji ýylda Bütindünýä Pul Gaznasy we Dünýä Banky türkmen hökümetiniň resmi statistiki sanlaryny ygtybarly hasaplamaýandyklary üçin hasabatlarynda ulanmaklaryny togtatdylar.

Geçen ýylyň awgustynda Fitch Ratings reýting edarasy Türkmenistana B+ uzak möhletli karz reýtingini beripdi. Emma, JIÖ barada resmi sanlaryň ygtybarlydygyna şübhesini beýan edipdi.

The post AÖB: 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ 5 göterim, inflýasiýa 12,5 göterim ösdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

HPG: Türkmenistanyň JIÖ ösüşiniň hakyky derejesi aýdylanynyň üçden birine hem ýetmedi
Türkmenistan JIÖ-niň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy
2022-nji ýylyň bäş aýynda Azerbaýjanyň JIÖ-i 7 göterimden geçdi
Türkiýäniň JIÖ-i birinji çärýekde 7,3 göterim ösüş görkezdi
Hünärmenler: iň baý 10 adamyň baýlygy Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 40%-iniň umumy baýlygyndan ýokarydyr
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy