AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN “TÜRKMENDEMIRÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK

AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN “TÜRKMENDEMIRÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Si Si Ýu bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.S.Atamyradowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Aziýa Ösüş Banky bilen öňden gelýän hoşniýetli we ysnyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan demirýol ulaglary pudagynda amala aşyrylýan taslamalar barada belläp, aýratyn hem häzirki wagtda “Türkmenabat-Mary-Aşgabat-Türkmenbaşy” demirýolunyň bölegini “Aşgabat-Duşak” döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasyny amala aşyrmaklygyň göz öňünde tutulýandygyny we bu taslama boýunça Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)” maksatnamasynyň çäklerinde AÖB-nyň wekilleri bilen bilelikde degişli işleriň alnyp barylýandygy barada belledi.

Şunuň bilen baglylykda Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Agentligiň ýolbaşçysyna demirýol ulaglary pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk üçin öz minnetdarlygyny bildirip, bu uly göwrümli taslama üçin maliýe serişdeleri çekmek meselesi barada hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşyk däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary esasynda işewürlik we işjeň ýagdaýynda geçdi.

Ýene degişli makalalar

AÖB Türkmenistanyň gatnaşmagynda sebitara sanly geçelge taslamasyny işe girizýär
Aşgabat innowasiýalaryň we durnukly ösüşiň şäheri
Türkmenistan Aziýa Ösüş Bankynyň tebigy serişdeler bazary boýunça platformasyna gatnaşar
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ BSG-NA AGZA BOLMAGY BILEN BAGLY MESELELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI