Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 11-nji tapgyrda “Roma” öz meýdançasynda “Leççeni” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymda 3 gol geçirilip, ilki myhmanlar hasaby açdy.

Duşuşygyň 72-nji minutynda Pontus Almkwist “Leççeni” 1-0 öňe saýlady. Ýöne Žoze Mourinionyň şägirtleri ruhdan düşmän ýeňiş gazanmagy başardy. “Roma” topary ýeňiş gollaryny 90-njy minutdan soň geçirdi. 73-nji minutda oýna giren Serdar Azmun 90+1-nji minutda hasaby deňlese, 90+4-nji minut Romelu Lukaku toparyna ýeňiş getirdi.

Belgiýaly hüjümçi 4-nji minutda penaltini dürs urup bilmändi.Eýranly futbolçy Serdar Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi.

Bu ýeňişden soň Rim derbisiniň öňüsyrasynda utugyny 17-ä çykaran “Roma” 7-nji orna beýgeldi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Romanyň düzüminde A seriýadaky ilkinji goluny urdy
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Ýewropada ýeňilmedik ýok
Günüň transfer täzelikleri