BAE-de myhmanhanalarda we restoranlarda örtük düzgüni ýatyrylar

BAE-de myhmanhanalarda we restoranlarda örtük düzgüni ýatyrylar

BAE-niň häkimiýetleri 28-nji sentýabrdan kowide garşy çäklendirmeleri gowşadar: kesel ýokuşanlar üçin karantin gysgaldylar, örtük düzgüni ýatyrylar, keselliler bilen gatnaşyk eden adamlar bolsa üzňelikde saklanmaga borçly edilmez. Gowşama hem ýurduň raýatlaryna, hem daşary ýurtly syýahatçylara degişli diýip, "The National News-e" salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Özüňi üzňelikde saklamak ýagdaýy diňe koronawirus barlagyndan položitel netije alanlar üçin hökmany bolar. Abu-Dabiniň ýaşaýjylary Al Hosn programmasynyň "ýaşyl statusy" görkezmegi üçin her 30 günden koronawirus üçin barlag tabşyrmaly bolar. Häzirki wagtda her iki hepdeden barlagdan geçmeli. Uçarda örtük düzgüni baradaky çözgüdi häkimiýetler awiakompaniýalaryň garamagyna berdiler.

Ýene degişli makalalar

Emeli aň giňden ýaýraýar
Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy
BAE-de zenanlardan düzülen ilkinji simfoniki orkestr döredildi
Ýel energiýasynda rekord goýdy
Altun Türkiýäniň Netijeli we Durnuklaşdyryjy Başlangyçlaryny Dowam Etdirjekdigini Beýan Etdi
HALK MASLAKHATY IS A RELIABLE PILLAR OF DEMOCRACY IN TURKMENISTAN