BAE-niň Beýik Britaniýany gizlin diňländigi öňe sürüldi

BAE-niň Beýik Britaniýany gizlin diňländigi öňe sürüldi

Kanadanyň Toronto uniwersitedine degişli kiber howpsuzlyk hünärmenlerinden ybarat "Citizen Lab" atly derňew topary tarapyndan berilen beýanatda: "2020 we 2021-nji ýyllarda Beýik Britaniýanyň internet torynda birden köp Pegasus içaly programmasyna gabat gelendigimizi we olaryň Beýik Britaniýanyň hökümedine habar berendigimizi tassyklaýarys" diýip habar berdi.

Şolaryň arasynda Premýer ministrlik ofisiniň we Daşary işler ministrliginiň hem bolandygy bellenen beýanatda: "Daşary işler ministrligi bilen baglanşykly şübhe astyndaky wakalar BAE, Hindistan, Kipriň Grek Bölegi we Iordaniýa bilen deňeşdiren mahalymyz Pegasus operatorlary bilen arabaglanşykly. Beýik Britaniýanyň Premýer ministrlik ofisindäki şübhe astyndaky waka bolsa BAE bilen deňeşdiren mahalymyz bir Pegasus operatory bilen arabaglanşykly" diýip mälim edildi.

Emma hünärmenler içaly programmasynyň nyşanasy astyndaky adamlary kesgitläp bilmändiklerini aýan etdiler.

Pegasus programmasyny oýlap tapan NSO kärhanasy tarapyndan Guardian gazedine berilen beýanatda, öňe sürmeleriň nädogrydygyny belläp, özleriniň "Citizen Lab" we Halkara Günägeçişlik guramasy tarapyndan syýasy ýagdýada nyşana alynýandyklaryny öňe sürdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Kipriň Grek Bölegi bilen Liwanyň arasynda baglaşylan deňiz serhedi ylalaşygyny ýazgardy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki eden çykyşy
“Samsung” dikeldilen arzan smartfonlaryň satuwyna başlamakçy
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (26-njy bölüm)
Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň Bäş Aýlyk Döwri Seljerildi