BAE-niň hökümeti sanly tehnologiýa doly derejede geçmeklik bilen, dünýäde ilkinji bolup kagyzsyz ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi. Bu barada BAE-niň WAM habarlar agentliginiň täzeliklerine salgylanyp, Russiýanyň TASS habarlar agentligi habar berdi.
BAE-niň hökümetiniň bütindünýä boýunça ilkinji bolup, kagyzsyz ministrler kabinetiniň mejlisini geçirmekliginiň özi, Dubaýda durmuşyň ähli taraplaryny sanlylaşdyrmagyň täze tapgyrynyň başlanandygyny aýan etdi. Mundan beýläk emirligiň ähli döwlet edaralarynda içerki we daşarky resminama dolanyşygy ýörite onlaýn maglumat meýdançalary arkaly elektron görnüşinde amala aşyrylar.
BAE-de häzirki wagtda 1,8 müňden gowrak sanly hyzmat hödürlenilýär, 10,5 müňden gowrak tranzaksiýa amala aşyrylýar.
BAE-de elektron hökümete geçilmeginiň we resminama dolanyşygynyň sanlylaşdyrylmagynyň 2018-nji ýylda kagyzsyz strategiýa durmuşa geçirilip başlanandan bäri tutuş emirlikde 336 mln kagyz ýapraklaryny tygşytlamaga mümkinçilik berendigi, munuň bolsa 14 mln sagat adam zähmetine we pul ekwiwalentinde 1,3 mlrd dirhama (takmynan, $353,8 mln) barabardygy hasaplanyldy.
Kagyz tehnologiýasyndan ýüz öwürmeklik ähli pudaklara — ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, polisiýa, häkimlige, kazyýete, saglygy goraýyş ulgamyna, dini, medeni we sport edaralaryna, howa menzillerine, şeýle-de bu başlangyja goşulan söwda we täjirçilik gurluşlaryna degişli boldy.