Bäherden etrabynda kärizler düýpli abatlanyldy

Bäherden etrabynda kärizler düýpli abatlanyldy

Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalara saldamly goşant goşýan Bäherdenagyzsuw müdirliginiň işçi-hünärmenleri kärizleriň ýazky arassalaýyş we abatlaýyş işlerini üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Kärizçi ussalar möwsümiň dowamynda etrabyň çägindäki Çopan, Garaja, Döw, Han, Hüntüş, Janabat, Garasuw, Köne Börme, Bamy ata ýaly kärizlerde ýeňil we düýpli abatlaýyş işlerini geçirenlerinde, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berdiler. Bu işleri degişli meýilnama esasynda alyp baran kärizçiler öň toplan baý tejribelerine daýandylar.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, şeýle işler etrabyň ýaşaýjylaryna gadymy suw desgalarynyň — meşhur kärizleriň jana tenekar suwundan bökdençsiz peýdalanmagyna oňyn mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda konkur boýunça milli ýaryş geçirildi
PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ÝYLYNDA ÝAŞ ZEHINLERIŇ JOŞGUNY
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar
TÜRKMEN ILI TOÝ TUTDY
Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi geçirildi
Keniýada ýolbarslara ýok bolmak howpy abanýar