Keniýada ýolbarslaryň sany azalýar. Ýyrtyjylar ýaşaýyş ugrundaky göreşde barha adamdan asgyn gelýär diýip, MIR 24 ýazýar.
Afrikanyň tebigatynyň nyşanlarynyň biri bolan bu howply haýwan indi goraga mätäç. Olaryň ýaşaýan çäkleri maldarlaryň hasabyna barha kiçelýär. Çopanlar olary gyrýarlar, ýagdaýa durmuş maksatly gurluşyklaryň artmagy hem täsir edýär. Indi jeňňelleriň ýerinde ýollar çekilýär, elektrik geçirijileri gurulýar. Haýwanlaryň şasyna halas bolara ýer hem barha azlyk edýär.
Bu ýabany haýwanlara giňişlik gerek. Biz olaryň ýaşamagy üçin gerek bolan gurşawy elden giderýäris. Galyberse-de, golaýda uzaga çeken guraklykdan soňra ýagan ýagyşlar ot iýijileri, olaryň yzy bilen ýyrtyjylary hem bu ýere çekdi. Netijede, adam bilen ýabany tebigatyň özara gatnaşygy ýygjamlaşdy diýip, ýyrtyjylar goramak maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Daniel Ole Sambu gürrüň berýär.
Diňe bir hepdäniň dowamynda keniýaly çopanlar 10 ýolbarsy öldürdiler. Adam bilen ýabany haýwanyň gapma-garşylygy Haýwanlary goramagyň bütindünýä jemgyýetini ynjalyksyzlandyrdy. Jemgyýet ýabany haýwanlar tarapyndan mallary heläk bolan çopanlara öweztölegini tölemegi teklip edýär.
