Nesle geçen zehin

Paýtagtymyzyň sergi merkezinde heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanow bilen žiwopisçi Laçyn Rejepgulyýewanyň birleşdirilen sergisi açyldy. Orazmyarat bilen Laçynyň ataly-gyzdygyny aýtmak gerek. Bu olaryň bilelikdäki ikinji sergisidir: birinjisi Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Orazmyrat Gurbanowyň 60 ýaşynyň, häzirkisi bolsa ussadyň 65 ýaşynyň dolmagyna gabatlandy.

Sergi merkeziniň uly zaly düýpgöter üýtgäpdir. Onuň diwarlaryna Laçynyň žiwopis eserleri bezeg berse, içinde Orazmyradyň heýkelleriniň 200-si goýlupdyr.

Orazmyrat kärini çagalykdan saýlapdy. Ol Mary welaýatynyň Zähmet obasynda dogulýar, çaga döwründen toýunyň ýokarky gatyny aýyrsaň, aşagyndaky ýumşak palçykdan adamlaryň we haýwanlaryň şekilini ýasap bolýandygyny gowy bilýärdi. Şonuň üçinem Oarazmyrat heýkel ýasar ýörerdi... Mekdebi tamamlan badyna ýasan iň gowy işlerini alyp, çeperçilik ýörüte orta hünär mekdebine girmek üçin Aşgabada gelýär.

Oba durmuşyna belet Orazmyrat heýkeller kompozisiýasyna ýüreginde galan täsirlerini siňdirýär. Keşpleriň dürli-dürliligi we hyjuw heýkeltaraş Gurbanowyň awtorlyk tilsimini beýlekilerden tapawutlandyrýar.

Onuň işlerinden biri - Miras atly heýkelinde birbada şatlykly wakalaryň ikisi beýan edilýär.Kompozisiýanyň bir böleginde jarçy araba münüp toýa çagyrýar.Arabada öýlenýän ýigidiň dostlary we garyndaşlary bar, onuň gapdalyndan hemme ýere ýetişýän garagol oglanjyklar ylgaşlap barýarlar.

Beýleki böleginde toýa taýýarlyk şekillendirilipdir: ýigidiň garyndaşlarynyň biri egnine tokly atyp, toýa sowgat alyp barýar, sazandalar şadyýan saz çalýarlar, äpet gazanda toý nahary bişirilýär...

Halypa işi hem köpşekilli kompozisiýa.Ol goja çopanyň ýaşlara kär syrlaryny öwredişi barada. Şägirtleriň iň kiçisi eşekde otyr, ýaşulynyň örä äkiden iki ýetginjegi oňa birneme ulumsy garaýarlar.Orazmyrat Gurbanowyň aýtmagyna görä, eşek, alabaý iti hemem geçi çopanyň çöldäki hemralary.

Olaryň hersiniň öz işi bar: eşek ýükçi, it- sürüniň goragçysy, geçi sürüniň başyny çekýär, onuň boýnundaky jaňy çopana sürüniň nirdedigini habar berýär.

Kompozisiýada diňe bir çopanyň kömekçileri däl, eýsem süri hem ýerleşdirilipdir. Goýunlaryň, guzylaryň, geçileriň, owlajyklaryň onlarçasynyň heýkelini ýasamak başga kimiň kellesine gelsin diýsene?! Özem olaryň hersiniň öz durmuşy bar, ýöne sürüde bolşy ýaly, barynyň ugry bir tarapa.

Ussahanasy ir ertir 9-dan agşam 9-a çenli açyk bu janypkeş heýkeltaraşyň döredijiliginiň ýene bir aýratynlygy ol bir şekilde iki zat beýan etmek tilsimini ulanýar. Mysal üçin, Keýik gelin işini alyp göreliň. Ol beýlekilerden heýkeliň iriligi, reňki pil süňki reňkliligi bilen tapawutlanýar. Onuň bir tarapynda türkmen gelniniň keşbi, beýlekisinde keýik kellesiniň şekili bar.

Halypalarym atly işinde Orazmyrat Gurbanow tanymal ussatlaryň üçüsiniň Ýedi Medetowyň, Babasary Annamyradowyň we Saragt Babaýewiň heýkelini ussatlyk bilen birleşdiripdir.

Sergide Türkmenistanyň belli ýazyjy-şahyrlarynyň döşheýkelleri hem goýlupdyr. Onda Orazmyrat Gurbanowyň, Nobatguly Rejebowyň, Atamyrat Atabaýewiň, Täçmämmet Jürdekowyň keşpleri şekillendirilipdir. Işleriň ählisi adaty usulda ýerine ýetirilipdir.

Heýkeltaraşyň döredijiliginiň ýene bir ugry daşlara surat çekmek...Men tekiz ýylmanan daşyň ýanyndan geçip bilmeýärin, - diýip Orazmyrat Gurbanow gürrüň berýär. Ony hökman elime almaly, köplenjem, dessine geljekki suratyň ýordumyny göz öňüne getirýärin. Eger ony başarmasamam, daşy alyp gaýdýaryn, belli bir wagtdan soň daşyň özi maňa temany salgy berýär.

Sergide Orazmyrat Gurbanowyň bürünç awtoportretleiniň ikisi, olaryň ýanynda bolsa aýalynyň we agtyklarynyň döşheýkelleri goýlupdyr. Orazmyradyň dört gyzy bar. Olaryň biri Laçyn Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň žiwopis bölümini, soňra çeperçilik ýörüte orta hünär mekdebini we Çeperçilik akademiýasyny tamamlady.

Laçyn Rejepgulyýewa köplenç öz işlerini köpçülikleýin sergilerde görkezýär. Onuň suratlary ýatda galyjy çykýar. Bahar gülleri atly nepis suraty we özboluşly hyjuwly tansyň täsirini tomaşaçylara ýetirýän Küştdepdi atly işi onuň özüne mahsus döredijilik ýolunyň barlygyny görkezýär.

Bedewiň kellesi suraty hem tomaşaçylary özüne çekýär. Ol ahal-teke bedewiniň owadanlygynyň we nepisliginiň gözelligini beýan edýän realistik tilsimde çekilipdir. Ýöne onuň jadysy atyň üýtgeşik bakyşynda jemlenipdir.

Žiwopis muşdaklary bu işiň awtorlyk nusgasynyň altysyny satyn aldylar. Ýeri gelende, Bahar gülleri suratyna hem eýe çykan tapyldy, onuň bilen baglaşylan şertnama görä, suratyň nusgasyny çekmek bolmaýar, emma awtoryň bu suraty sergilerde goýmaga haky bar.

Şahyrana manzarlaryň ikisi hem täsirli çykypdyr. Olaryň biri -- Giç agşam suratynda geljekki seýilgähiň nahallarynyň sudurynyň aşagyndaky otlar zümerret öwüşgin berýär, olaryň aňyrsyndaky tüsse kysmy ümür göze ilýär, az wagtdan olar gijäniň tümlüginde ýitip gider. Beýleki bir Gyş manzary işinde çala gar sepelän derek şekillendirilipdir. Gyş manzary üçin garaşylmadyk mele-ak reňkleriň ulanylmagy Laçynyň döredijilik ýolunyň özboluşlylygyny nygtaýar.

Aşgabadyň janly tebigat muzeýiniň täsirinden dörän Ýyrtyjy suraty hem beýlekilerden saýlanýar. Owadan ýaş gaplaň saklanýan ýeriniň basgançaklaryndan, özüni aw edýän saýyp, bukdaklap düşüp gelýär. Onuň gözlerinde ýyrtyjy häsiýeti bilen birlikde sadalygy sazlaşyp gidýär.

Laçyn mugallymçylyk hem edýär. Ol birnäçe ýyllap Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde žiwopisden sapak berdi, indi bolsa öz studiýasynda okuwçy okadýar. Onuň okadyş usuly -- okuwçynyň çeperçilik taýdan kemala gelmegine goşulmazdan, ony özboluşly döredijilik ýoluny tapmaga höweslendirmekdir.

Laçyn:

-Meniň şahsy durmuşym oňuna boldy. Ýanýoldaşym Ýusup Rejepgulyýew sungaty öwreniji, ol maňa degerli maslahatlary bilen gowy kömek edýär. Ýöne men ozaly bilen ejem Jumagül Gurbanowa minnetdar, onuň maňa düşünmegi we üstünliklerime çyn ýürekden begenmegi meniň esasy ylham çeşmämdir. Gyzym Selbinyýaz ýaňy surat çekmegi öwrenýär, ýöne onuň häzirki çekiş usuly meni begendirýär. Meniň oňa ynamym uly.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
24.04.2018 | Türkmen milletiniň gadymy genji-hazynasy ilkinji gezek Ýewropada görkezilýär
Türkmen milletiniň gadymy genji-hazynasy ilkinji gezek Ýewropada görkezilýär
27.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Türkmen-Mahabat HK: aýratyn bezegler , dürli mümkinçilikler
Kompozitor Daňatar Hydyrow: ylham simfoniýasy