Bäherdende lagym suwuny arassalaýjy desga açyldy

Bäherdende lagym suwuny arassalaýjy desga açyldy

Düýn — 30-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman geňeşliginiň çäginde lagym suwuny arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, täze desga Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Mukaddes toprak hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Daniýanyň, Şwesiýanyň, Polşanyň we beýleki ýurtlaryň belli önüm öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün edildi.

Bir gije-gündizde lagym suwunyň 20 müň kub metrini arassalamaga mümkinçiligi bolan desga 4,2 gektar meýdanda ýerleşip, özboluşly toplumy emele getirýär.Onuň çäginde gurlan edara, hlor öndürme, filtrleri dolandyryş, palçygyň suwuny aýryjy, suw arassalaýjy, barlaghana, kompressor, transformator, arassalanan suw binalaryny hlor bilen garyşdyrma rezerwuary, ýuwuş suwunyň nasos bekedi, ussahana, ammar ýaly desgalaryň gurluşygynda ýokary talaplar göz öňünde tutulan.

Ol ýerde howalandyryş, palçygy goýaltma, suwy durlatma howuzlary, şeýle-de palçygy guratma meýdançasy gurlupdyr.

Desganyň ulanmaga berilmegi bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki Arçman şypahanasyndan, şeýle-de Arçman we Keletdag obalaryndan akyp gelýän lagym suwlaryny ýygnap, degişli talaplara laýyklykda arassalamaga we oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmaga özboluşly mümkinçilik döredi.

Ýene degişli makalalar

Saglygy goraýyş, bilim, sport ugurly forumlara 30-dan gowrak ýurtdan myhmanlar gatnaşdylar
Köpugurly sergi ösüşlere badalga
Lagym suwuny arassalaýjy desga guruldy
Türkmenistanda täze awtobus gatnawlary açyldy
Täze şäherara awtobus gatnawlary  
Türkmenistan bilen HHR-niň özara gatnaşyklarynyň täze derejesi, bütin Türkmenistan boýunça adatdan daşary sowuk howanyň golaýlaşmagy, Aşgabadyň, Sarahsyň we Arçmanyň arasynda täze ugurlaryň işe girizilmegi