Malaýziýada ata-ene bäş ýaşly gyzjagazlaryny mekdebe gitmäge höweslendirmek üçin oňa Mersedes awtoulagyny sowgat etdiler.
Malaýziýaly hanym Farhane Zahra sosial tordaky hasabynda öz gyzy Fatima bilen bilelikde düşen wideosyny ýerleşdirdi. Wideoda ejesi gyzyndan doglan gününde näme sowgat almak isleýändigini soraýar. Gyzjagaz sowgat hökmünde ýaşyl reňkli Mersedes ýa-da BMW kysymly awtoulag alasynyň gelyändigini aýdýar. Ejesi eger-de gyz mekdebe gitmäge razy bolsa, şeýle awtoulagy sowgat etmäge razylaşýar.
Biraz wagtdan soňra malaýziýaly hanym gyzy Fatimanyň gözi daňylgy ýagdaýda sowgadyň ýanyna eltilen pursatlary düşürilen ýene bir wideony sosial tordaky hasabynda ýerleşdirdi. Wideoda Farhane bu gymmat baha sowgady bermekden esasy maksadyň, gyzjagazy mekdebiň 1-nji synpyna okuwa gitmäge yrmak bolandygyny mälim etdi. Elbetde, gyzjagaz sowgat üçin örän begendi hem-de mekdebe gitmäge söz berdi.
