Mersedes Formula-1-iň Konstruktorlar kubogynda bassyr sekizinji gezek ýeňiji boldy

Mersedes Formula-1-iň Konstruktorlar kubogynda bassyr sekizinji gezek ýeňiji boldy

Mersedes topary Formula-1 ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň Konstruktorlar kubogynda bassyr sekizinji gezek ýeňiji boldy.

Dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyry Abu-Dabiniň Gran-prisinden öň “Mersedes” ikinji orunda ýerleşýän “Red Bulldan” 28 utuk öňe geçdi. “Red Bulluň” sürüjisi Serhio Peres çykandan soň onuň topary “Mersedesiň” yzyndan ýetmek mümkinçiligini ýitirdi. “Red Bullda” Peresden başga-da ýaryşyň ýeňijisi we 2021-nji ýyl möwsüminde “Formula-1-iň” çempiony bolan niderlandiýaly Maks Werstappen hem çykyş edýär. “Mersedesde” britaniýaly Lýuis Hemilton we finlýandiýaly Waltteri Bottas bar.

“Mersedesiň” topary jemi 613,5 utuk gazandy, “Red Bull” liderden 28 utuk yzda. Üçünji orny “Ferrariniň” konstruktorlary eýeledi (323,5 utuk).

“Mersedes” 2014-nji ýyldan bäri kubogyň eýesi bolýar. Ýeňiş boýunça rekord eýesi “Ferraridir” (16 gezek), bu görkeziji boýunça ikinji orny “Uilýams” topary (9), üçünji orny “Mersedes” we “Maklaren” (8) eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Ferstappen ikinji gezek dünýä çempiony boldy
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Maks Werstappen “Formula-1-iň” iki gezek çempiony boldy
Ferstappen möwsümi ýeňiş bilen tamamlady