Bagaýi: Wenesuelanyň Prezidenti boşadylmaly

Bagaýi: Wenesuelanyň Prezidenti boşadylmaly

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ-nyň Wenesuelanyň Prezidentini ogurlamagyny ýazgardy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bagaýi metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: Bu ýyl BMG-niň Tertipnamasyna hormat goýmazlyk, halkara hukugynyň bozulmagy we agyr halkara jenaýatlary üçin jezasyzlygyň dowam etmegi babatda iň erbet ýyl boldy.

Gazada we Günbatar Şeriada bolup geçýän jenaýatlar iň erbet jenaýatlardyr. Şeýle hem, Eýranyň ýadro desgalaryna hüjüm edildi, bu bolsa ýarag ýaýratmazlyk režimine ölüm howply zarba boldy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ tarapyndan Maduronyň ogurlanmagy barada şeýle diýdi: Halkara düzgünleriniň gaýtalanýan bozulmagy olaryň ýok edilmegini aňlatmaly däl, tersine, bu ýörelgeler bolmasa, dünýäniň jüňňe öwrüljekdigi we käbir güýçleriň dünýäni bu ugurda güýç bilen alyp barmaga synanyşýandygy barada netije çykarmaly.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Daşary işler ministrligi: ABŞ-nyň Wenesuelaga garşy agressiýasy dünýä parahatçylygyna howp salýar
Wenesueal: ABŞ-nyň soňky nebit tankerlerini ele geçirmeği “halkara garakçylyk”
Maduro: Wenesuela psihologik terrorçylyk we deňiz garakçylary bilen ýüzbe-ýüz boldy
Wenesuela milli özygtyýarlylygy goramakda Russiýanyň goldawyna minnetdarlyk bildirýär
Karakasda güýçli partlamalar boldy
ABŞ Wenesuela garşy hüjüm etdi