Wenesueal: ABŞ-nyň soňky nebit tankerlerini ele geçirmeği “halkara garakçylyk”

Wenesueal: ABŞ-nyň soňky nebit tankerlerini ele geçirmeği “halkara garakçylyk”

Wenesuelanyn hökümeti ABŞ-nyň, ýurduň kenarýaka zolagynda beýleki bir nebit tankerini ele geçirmegini “halkara garakçylygynyň düýpli mysaly” hökmünde häsýetlendirdi.

Wenesuelanyň resmileri ABŞ-nyň ikinji nebit tankerini “ogurlamagyny we zamun almagyny” ýazgardy. Prezidentiň orunbasary Delsi Rodrigeziň şenbe güni sosial media arkaly beren beýanatynda; “Bu wakalar jezasyz galmaz. Bu gynandyryjy wakalaryn jogapkärleri adaladyň we taryhyn öňünde hasap bererler” diýip ýazdy.

Resmi Karakas bu wakalaryn BMG-nin Howpsuzlyk geňeşine, beýleki köptaraply guramalara hem-de hökümetlere habar beriljekdigini beýan etdi.

ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministri Wenesuelada labyryny taşlan nebit tankeriniň alynandygyny beýan edipdi. Krist Noem X hasabyndan beren habarnamasynda ABŞ-nyň Kenarýaka howpsuzlyk güýçleriniň Pentagonyň goldaw bermeginde şapak wagtyndan ozal gämini ele salandyklaryny habar berdi.

Noem; “ABŞ sebitdäki narko-terrorizmi maliýeleşdirmek üçin goýulan sanksiýalara degişli bolan nebitiň bikanun satuwy bilen gyzyklanmaga dowam eder. Sizi taparys we togtadarys” diýdi.

Dartgynlyk güýjeýär

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp Wenesuela gelen ýa-da giden sanksiýa degişli nebit tankerlerine garşy “doly we gyşarnyksyz gabaw” yglan etdi. Dartgynlyk 10-njy dekabrda Amerikan güýçleriniň Wenesualnyň deňiz ýalpaklaryndaky bir nebit tankerini ele geçirmegi sebäpli güýjedi. Wenesuela bu wakany “garakçylyk” hökmünde häsýetlendiripdi.

Waşington bu çärelerin galplyga we bikanun neşe söwdasyna garşy göreşiň çäginde görülýändigini beýan edýän bolsa; Karakas ABŞ-nyň bikanun neşe söwdasyna garşy göreş tagallalaryny Madurony häkimiýetden çetleşdirmek we Wenesuelanyň nebit baýlyklarynyn gözegçiligini ele geçirmek üçin bahana hökmünde peýdalanýandygyny beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Nýu-Ýork Taýms: ABŞ-nyň Wenesuala guran hüjüminde azyndan 40 adam öldi
Maduro: Wenesuela ýeňilmez ýurtdyr
Wenesuela Eýranyň ABŞ-nyň zorlukly hereketlerine garşy ýurduna beren goldawyna minnetdarlyk bildirýär
Wenesuelanyň howa giňişliginiň ýapylandygyny yglan etmekde ABŞ-nyň eden-etdilik hereketiniň ýazgarylmagy
Wenesuelanyň daşary işler ministri: ABŞ-nyň Karib deňzindäki harby hereketleri dünýä parahatçylygyna howp salýar
Bagaýi: ABŞ-nyň Wenesuelanyň nebit tankerine hüjümi "döwlet garakçylygynyň" mysalydyr